Braziliýada «Colgate» diş pastasynyň satuwy ýene gadagan edildi

  • 07.05.2025 13:42
  • 11k+

Braziliýanyň Milli saglygy goraýyş gözegçilik edarasy ýurtda «Colgate Total Clean Mint» diş pastasynyň satuwyny täzeden gadagan etdi.

2025-nji ýylyň başynda Braziliýadaky ulanyjylar sosial torlarda bu diş pastasy bilen baglanyşykly köpsanly nägilelikleri bildirip başladylar. Olar pastany ulananlaryndan soň, agyzlarynda gyjyndyryjy ýagdaýlaryň – ýanmanyň, diş etleriniň çişmegi we agyryly ýaralaryň ýüze çykandygyny aýtdylar. Käbir ýagdaýlarda adamlar lukmançylyk kömegine-de mätäç bolupdyrlar.
27-nji martda gözegçilik edarasy bu önümiň satuwyna we ulanylmagyna wagtlaýyn gadaganlyk girizdi. Bu gadaganlyk şikaýatlaryň sebäplerini anyklamak boýunça derňew tamamlanýança güýjünde galmalydy.
«Colgate» kompaniýasy kazyýete ýüz tutup, gadaganlygyň wagtlaýyn ýatyrylmagyny gazandy. Emma aprel aýynyň ahyrynda kompaniýa öz şikaýatyndan el çekdi. Bu kararyň sebäpleri mälim edilmeýär.
Şikaýat yzyna çekilensoň, gadaganlyk karary täzeden güýje girdi.


21.05.2026 16:05
8.4k+

Braziliýaly üç uýa jemi 316 ýaşap, dünýä rekordyny goýdular

Braziliýaly üç uýa jemi 316 ýaşap, uzak ýaşamak boýunça dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Need To Know neşiri habar berdi....

04.05.2026 19:45
7.2k+

Şakiranyň Rio-de-Žaneýrodaky mugt konsertine 2 million tomaşaçy ýygnandy

2-nji maýda Şakiranyň Rio-de-Žaneýronyň meşhur Kopakabana kenarynda geçiren mugt konsertine 2 million tomaşaçy jemlendi. Gatnaşanlaryň sany baradaky maglumatlary şäheriň häkimi tassyklady. Bu çykyş aýdymçynyň......

01.04.2026 14:31
10k+

Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär....

31.03.2026 14:51
3.7k+

Braziliýada 1,5 müňden gowrak seýrek görnüşli pyşbaga Riu-Negru derýasyna goýberildi

Braziliýanyň Riu-Negru derýasyna tebigaty gorap saklamak maksatnamasynyň çäginde 1500-den gowrak amazonka pyşbagasynyň (Podocnemis expansa) çagalary goýberildi....