Türkmen ýaşlary Moskwada Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli guralýan konsertde çykyş ederler

  • 07.05.2025 10:45
  • 11k+

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Moskwada ýaşlardan jemlenen 250 adamdan ybarat uly hor toparynda çykyş eder. Bu barada konserwatoriýada habar berdiler. 

9-njy maýda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybelti Russiýa Federasiýanyň paýtagtynda GDA döwletleriniň medeniýet we sungat wekilleriniň gatnaşmagynda birnäçe konsert çykyşlary meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Belarusyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýerine ýetiriljek birleşen hor toparynyň çykyşy hem konsert meýilnamasynyň esasylarynyň biri bolup durýar.
Häzirki günlerde bu konserte taýýarlyk işleri geçirilýär. Russiýa Federasiýanyň Gnesinler adyndaky sazçylyk akademiýasynda Azerbaýjan döwletinden gatnaşýan ýaşlar bilen bilelikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary “Священная война” (“Mukaddes uruş”), “Колокола” (“Jaňlar”) gimni we “День Победы” (“Ýeňiş güni”) ýaly eserleriň üstünde işleýärler. Taýýarlygy Gnesinler adyndaky sazçylyk akademiýasynyň rektory Ryžinskiý Aleksandr Sergeýewiç geçirýär.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.1k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.2k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......