Nýu-Ýorkda 2025-nji ýylyň Pulitser baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

  • 06.05.2025 21:04
  • 1.9k+

Nýu-Ýorkuň Kolumbiýa uniwersitetinde 2025-nji ýylyň Pulitser baýragynyň laureatlary yglan edildi. Doly sanaw baýragyň saýtynda ýerleşdirildi.

“Jemgyýete hyzmaty üçin” nominasiýasynda baýragy ABŞ-da çaga aýyrtmagy gadagan etmegiň netijeleri baradaky reportaž üçin ProPublica täjirçilik däl guramasy aldy.
The Washington Post-yň žurnalistleri 2024-nji ýylyň 13-nji iýulynda Donald Trampyň janyna kast edilendigi baradaky gyssagly reportaž üçin baýrak aldy.
The New York Times dört baýraga, şol sanda Sudandaky dawalaryň derňewi üçin “Daşary ýurt reportažy” we ABŞ-nyň Owganystandaky şowsuzlyklarynyň seljermesi üçin “Düşündiriş reportažy” nominasiýalarynda baýraga mynasyp boldy. Neşiriň fotosuratçysy Dug Mills Trampyň janyna kast edilende atylan okuň suraty üçin baýrak aldy.
Reuters agentliginiň topary fentaniliň önümçiligi üçin maddalaryň söwdasy baradaky makala üçin “Görnükli derňew” nominasiýasynda ýeňiji boldy. The Wall Street Journal bolsa Ilon Maskyň “syýasy we şahsy üýtgeşmelerini” öwrenendigi üçin “Milli reportaž” nominasiýasynda baýrak bilen sylaglandy.
The New Yorker üç baýrak, şol sanda Mosab Abu Tohanyň “Gazadaky fiziki we emosional uruş barada” essesi üçin “Teswirler” baýragyny aldy. The Washington Post-yň öňki karikaturaçysy Enn Telnaes senzura sebäpli neşirden gideninden soň batyrgaýlygy üçin tapawutlandy.
Edebi nominasiýalarda iň gowy roman Persiwal Ewerettiň “Geklberri Finni” başgaça düşündirýän “Jeýms” romany boldy – onda waka garaýagyz gul Jimiň nukdaýnazaryndan beýan edilýär. Non-fikşn üçin baýragy Benjamin Natansyň sowet dissident hereketi baradaky kitaby aldy.
Pulitser baýragynyň ýeňijilerini Kolumbiýa uniwersitetiniň ýörite eminleri kesgitleýär. Bu žurnalistika pudagynda iň abraýly baýraklaryň biridir.
Baýrak her ýyl 20 kategoriýada berilýär. Şu ýyl laureatlar 109-njy gezek yglan edildi. 


08.05.2026 21:52
1.2k+

ABŞ-da 2026-njy ýylyň Pulitzer baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

Nýu-Ýorkuň Kolumbiýa uniwersitetinde 2026-njy ýylyň Pulitzer baýragynyň ýeňijileri yglan edildi....

14.06.2021 22:18
1.9k+

«The New York Times» Pulitser baýragyny aldy

«The New York Times» gazeti iň abraýly nominasiýalaryň biri bolan jemgyýete hyzmaty üçin – koronawirus pandemiýasyna bagyşlanan materiallary üçin Pulitser baýragyna mynasyp boldy. Bu barada Day.Az habar berýär...

düýn 23:27
788

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

düýn 19:53
1.4k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......