«The New York Times» Pulitser baýragyny aldy

  • 14.06.2021 22:18
  • 1.7k+

«The New York Times» gazeti iň abraýly nominasiýalaryň biri bolan jemgyýete hyzmaty üçin – koronawirus pandemiýasyna bagyşlanan materiallary üçin Pulitser baýragyna mynasyp boldy. Bu barada Day.Az habar berýär.        

Şeýle-de bellesek, Associated Press agentligi fotografiýa ugrundan iki Pulitser baýragynyň eýesi boldy. Jyns taýdan nägilelikler we COVID-19 pandemiýasy ýylynda Minneapolisden “Star Tribune” gazeti Jorj Floýduň janyna kast edilmegini we onuň netijelerini şöhlelendirendigi üçin “Gyssagly habarlar” baýragyny aldy. 
Çeper surat üçin baýrak Ispaniýadaky Associated Press agentliginiň esasy fotografy Emilio Morenattä gowşuryldy. Fotograf plastik örtüm arkaly gujaklaşýan garry jübütleri surata düşürdi.
Bu agentligiň on fotografy Jorj Floýduň janyna kast edilmegi sebäpli ýüze çykan nägilelikleri beýan edendikleri üçin baýrak aldylar. 
Žurnalistik derňewi üçin baýragy “The Boston Globe” aldy. Reportažlary üçin milli baýraga The Marshall Project, Al.com, IndyStar we Invisible Institute neşirleriniň işgärleri mynasyp boldy. BuzzFeed News halkara reportažlary ugrundan özüniň ilkinji Pulitser baýragyny aldy.


06.05.2025 21:04
1.5k+

Nýu-Ýorkda 2025-nji ýylyň Pulitser baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

Nýu-Ýorkuň Kolumbiýa uniwersitetinde 2025-nji ýylyň Pulitser baýragynyň laureatlary yglan edildi. Doly sanaw baýragyň saýtynda ýerleşdirildi. “Jemgyýete hyzmaty üçin” nominasiýasynda baýragy ABŞ-da çaga aýyrtmagy gadagan etmegiň netijeleri baradaky reportaž üçin ProPublica täjirçilik däl guramasy aldy...

17.07.2024 13:26
2.2k+

The New York Times XXI asyryň iň gowy 100 kitabynyň sanawyny hödürledi

“The New York Times” gazeti 503 ýazyjynyň, tankytçynyň, publisistiň, terjimeçiniň, şahyryň we beýleki hünärmenleriň ses bermegi netijesinde düzülen XXI asyryň iň gowy 100 kitabynyň sanawyny çap etdi. Hususan-da...

29.12.2023 14:54
2.8k+

NYT emeli aňyň kömegi bilen awtorlyk hukuklarynyň bozulandygy üçin OpenAI we Microsoft kompaniýalaryny kazyýete berdi

“The New York Times” gazeti öz habar materiallaryna gatnaşykda emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen awtorlyk hukuklarynyň bozulandygy üçin OpenAI we Microsoft tehnologiýa kompaniýalaryna garşy şikaýat arzasyny...

düýn 20:30
616

Microsoft ylmy gözlegleri çaltlaşdyrmak üçin Discovery EA platformasyny işe girizdi

Build 2025 konferensiýasynda Microsoft korporasiýasy emeli aňyň kömegi bilen ylmy gözlegleri çaltlaşdyrmak üçin döredilen Discovery platformasyny hödürledi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, täze ulgam maglumatlary seljermekden we çaklamalary öňe sürmekden başlap, tejribeleri modelirlemäge we netijeleri gaýtadan işlemäge çenli ylmy gözlegiň ähli tapgyrlarynda kömek eder...