The New York Times XXI asyryň iň gowy 100 kitabynyň sanawyny hödürledi

  • 17.07.2024 13:26
  • 2.3k+

“The New York Times” gazeti 503 ýazyjynyň, tankytçynyň, publisistiň, terjimeçiniň, şahyryň we beýleki hünärmenleriň ses bermegi netijesinde düzülen XXI asyryň iň gowy 100 kitabynyň sanawyny çap etdi.

Hususan-da, sanawy düzmäge Stiwen King, Jon Irwing, Nik Hornbi, Karl Uwe Knausgor, Gari Şteýngart, Sara Jessika Parker ýaly tanymal ýazyjylar gatnaşdy (olaryň her biriniň haýsy kitaplary saýlandygyny şu ýerde görüp bilersiňiz). Olardan 2000-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri çapdan çykan iň gowy 10 kitaby saýlamak soraldy.
Reýtingde birinji orny italiýaly ýazyjy Elena Ferranteniň “Meniň zehinli joram” romany (2012) eýeledi. Kitap 1950-nji ýyllarda Neapolda iki jora Elena bilen Lilanyň durmuşy barada gürrüň berýär. NYT sanawyna Ferranteniň ýene iki romany girdi: “Ýiten çaga barada waka” (“The Story of the Lost Child”, 2015) – 80-nji orunda, “Ýalňyzlyk günleri” (“The Days of Abandonment”, 2005) – 92-nji orunda.
Ikinji orunda Izabel Wilkersonyň Pulitser baýragyna mynasyp bolan “Beýleki Günleriň ýylylygy” romany (2010) ýerleşdi. Eser XX asyrda afro-amerikanlaryň günorta ştatlardan ýurduň demirgazygyna we günbataryna Beýik göçüşi barada gürrüň berýär.
Liderleriň üçlügini Hilari Manteliň “Walf Hall” romany jemleýär, ol Tomas Kromwel we XVI asyr Angliýada bolup geçen wakalar baradaky trilogiýanyň birinji bölümidir.

XXI asyryň iň gowy kitaplarynyň ilkinji onlugy şeýle görnüşde:

  1. Elena Ferrante “Meniň zehinli joram” (“My Brilliant Friend”)
  2. Izabel Wilkerson “Beýleki Günleriň ýylylygy” (“The Warmth of Other Suns”)
  3. Hilari Mantel “Wolf Hall”
  4. Edward Pol Jons “Belli dünýä” (“The Known World”)
  5. Jonatan Franzen “Düzedişler” (“The Corrections”)
  6. Roberto Bolanýo “2666”
  7. Kolson Waýthed “Ýerasty demirýol” (“The Underground Railroad”)
  8. Winfrid Georg Sebald “Austerlis” (“Austerlitz”)
  9. Kadzuo Isiguro “Meni goýberme” (“Never Let Me Go”)
  10. Merilin Robinson “Galaad” (“Gilead”)

29.12.2023 14:54
2.9k+

NYT emeli aňyň kömegi bilen awtorlyk hukuklarynyň bozulandygy üçin OpenAI we Microsoft kompaniýalaryny kazyýete berdi

“The New York Times” gazeti öz habar materiallaryna gatnaşykda emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen awtorlyk hukuklarynyň bozulandygy üçin OpenAI we Microsoft tehnologiýa kompaniýalaryna garşy şikaýat arzasyny...

14.06.2021 22:18
1.8k+

«The New York Times» Pulitser baýragyny aldy

«The New York Times» gazeti iň abraýly nominasiýalaryň biri bolan jemgyýete hyzmaty üçin – koronawirus pandemiýasyna bagyşlanan materiallary üçin Pulitser baýragyna mynasyp boldy. Bu barada Day.Az habar berýär...

şu gün 03:56
4.8k+

«Ýeke özi öýde» filmindäki «Kewiniň ejesi» Ketrin O’Hara aradan çykdy

«Ýeke özi öýde», «Bitljus» filmleriniň we «Şitts Krik» serialynyň ýyldyzy, aktrisa Ketrin O’Hara aradan çykdy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. 71 ýaşan O’Haranyň ölümine nämäniň sebäp bolandygy entek açyk aýdylmaýar...

şu gün 03:34
798

Emeli aň ABŞ-nyň taryhy hakynda serial taýýarlady

Internet torunda emeli aňyň kömegi bilen döredilen «On This Day… 1776» («Şu gün... 1776-njy ýyl») atly taryhy serialyň treýleri peýda boldy. Filmde ABŞ-nyň garaşsyzlyk ugrundaky göreşi barada gürrüň berilýär. Serialyň prodýuseri hökmünde «Arzuwlaryň rekwiýemi» («Реквием по мечте») we «Nuh» («Ной») filmleri bilen meşhur bolan režissýor Darren Aronofskiniň çykyş etdi...