Maldiwleriň Prezidenti metbugat maslahatynyň dowamlylygy boýunça rekord goýdy

  • 06.05.2025 16:19
  • 6.8k+

Maldiwleriň Prezidenti Mohamed Muizzu taryhda iň uzak dowam eden metbugat maslahatyny geçirdi. Bu barada The Daily Guardian habar berýär.

Bellenilişi ýaly, metbugat maslahaty şenbe güni ýerli wagt bilen 10:00-da başlady we giç agşam tamamlandy. France 24 teleýaýlymynyň hasaplamagyna görä, ol 14 sagat 54 minut dowam etdi. Muizzu diňe namaz okamak üçin gysga arakesmelere çykdy. 
Şeýlelikde, ol 2019-njy ýylda Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň goýan öňki rekordyny täzeledi. Şol wagt Zelenskiý žurnalistler bilen 14 sagat gürrüňdeş boldy. Ondan öň rekord Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko degişlidi, ol ýedi sagatdan gowrak wagt çykyş etdi.
Ofisde Muizzu metbugat maslahatynyň senesiniň ýörite – Bütindünýä metbugat azatlygy güni mynasybetli saýlanandygyny aýtdy. Prezident söz erkinliginiň we onuň demokratik jemgyýetde ornunyň ähmiýetini belläp geçdi.
Aprel aýynyň başynda ABŞ-da hem senatda edilen çykyşyň dowamlylygy boýunça täze rekord goýuldy. Ony senator-demokrat Kori Buker goýdy. Ol 25 sagatdan gowrak wagt çykyş etdi.
Bukeriň çykyşy 31-nji martda agşam başlady we bir günden soň tamamlandy. Şeýlelik bilen, ol 1957-nji ýylda Raýatlyk hukuklary baradaky kanunyň kabul edilmegine päsgel bermek üçin 24 sagat 18 minut çykyş eden senator Strom Turmondyň rekordyny täzeledi. 

şu gün 00:07
770

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
1.2k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 23:53
837

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....