Aşgabatda 3600 metr aralyga marafon ýaryşy geçirildi

  • 06.05.2025 11:23
  • 8.8k+

4-nji maýda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Sport — parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewi» atly 3600 metr aralyga ylgamakda sport marafony geçirildi.  Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde guran bu çäresi ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň başlangyjy bilen geçirildi. Oňa 550-den gowrak adam işjeň gatnaşdy. Aşgabadyň Bitarap Türkmenistan şaýolundan “Arkadag” binasyna eltýän Bagtyýarlyk köçesiniň ugrunda marafona badalga berilmegi mynasybetli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
Uzak aralyga ylgamak boýunça ýaryşa 10 adamdan ybarat eminler gözegçilik etdi. Belli-belli nokatlarda eli baýdakly ýol görkezijiler durup, ýaryşa gatnaşyjylary barmaly ýerlerine ugrukdyrdylar. Marafona gatnaşyjylar “Arkadag” binasynyň, “Aşgabat” köpugurly stadionynyň, “Aşgabat” myhmanhanasynyň hem-de “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň daşyny gurşap alýan Bagtyýarlyk köçesiniň ugry bilen ylgap geçdiler.
Marafon ýaryşynyň netijeleri oňa gatnaşanlaryň arasynda kesgitlenildi. Şunda talyp gyzlaryň arasynda 14 minut 33,8 sekunt wagt bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby E.Esedowa, talyp oglanlaryň arasynda 9 minut 22 sekunt wagt bilen Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby P.Babanyýazow ýeňiji boldular. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň arasynda, degişlilikde, W.Baýowa hem-de S.Saparow birinji bolup gelmegi başardylar. Aşgabat şäherindäki 76-njy orta mekdebiň okuwçysy A.Seýdullaýewa bilen 74-nji orta mekdebiň okuwçysy O.Orazmyradow bolsa mekdep okuwçylarynyň arasynda pellehanadan birinji bolup geçip, ýeňiş gazandylar.
Ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.


düýn 17:52
3.8k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....