Dubaý Microsoft bilen bilelikde ýarym milliard dollarlyk maglumat merkezini gurýar

  • 05.05.2025 16:12
  • 3k+

Microsoft kompaniýasy bilen BAE-niň Du telekommunikasion operatory Dubaýda uly möçberli maglumat merkeziniň gurluşygyna başladylar. Taslamanyň bahasy 544 million dollar. Bu merkez Dubaýyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdaky liderligini pugtalandyrar diýip, «TechRadar» habar berýär.

Maglumat merkeziniň gurluşygy Microsoft-yň Ýakyn Gündogarda bulut we emeli aň hyzmatlaryny giňeltmek strategiýasynyň bir bölegidir. Du telekommunikasion operatorynyň ýolbaşçysy Fahad Al Hassawiniň sözlerine görä, bu maýa goýumlar BAE-niň sanly ulgamyny ösdürmekdäki möhüm ädimdir.
Täze maglumat merkezi tapgyrlaýyn gurlar we Microsoft-yň bulut hyzmatlaryny giňeltmegine mümkinçilik döreder. Du telekommunikasion operatory infrastrukturany üpjün eder. Taslama dürli sanly hyzmatlar üçin zerur bolan tiz we ygtybarly bulut ulgamyna bolan islegi kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.
Microsoft 2019-njy ýylda BAE-de sebitleýin bulut ulgamlaryny işe girizeli bäri, Ýakyn Gündogarda bulut hyzmatlaryny işjeň ösdürýär. Şondan bäri kompaniýa Katarda, Ysraýylda we Saud Arabystanynda şuňa meňzeş bulut sebitleriniň döredilýändigini mälim etdi, şeýle-de Kuweýtde hem täze bulut sebitiniň işe girizilmegi meýilleşdirýär.


30.05.2026 13:39
1.5k+

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýar

OpenAI Foundation täjirçilik däl guramasy emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýýandygyny yglan etdi....

29.04.2026 16:01
2.1k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

25.04.2026 16:03
3.6k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

26.02.2026 09:36
2.2k+

Citrini Research-iň emeli aň baradaky hasabaty ABŞ-nyň birža indekslerini sarsdyrdy

ABŞ-nyň gazna bazary hepdäniň başyny howsalaly görkezijiler bilen açdy. Geň tarapy, munuň sebäbi iri korporasiýalaryň maliýe hasabatlary ýa-da döwlet düzgünleşdirijileriniň kararlary däl-de, eýsem Citrini Research toparynyň emeli aň (EA) baradaky täze ylmy hasabaty boldy...