Tesla, Toyota we Ford: Baýlaryň münýän ulag brendleri aýdyldy

  • 05.05.2025 15:36
  • 13k+

Maliýe we analitik maglumatlary hödürleýän S&P Global Mobility amerikan kompaniýasy ABŞ-da ilat ýazuwyndan alnan girdeji maglumatlaryny awtoulaglaryň hasaba alyş maglumatlary bilen utgaşdyrdy. Maksat – ýyllyk girdejisi 500 müň dollardan geçýän adamlaryň iň köp saýlaýan awtoulag brendleriniň sanawyny düzmekdi.

S&P Global Mobility-nyň berýän maglumatlaryna görä, Tesla kompaniýasy baý amerikalylaryň arasynda iň meşhur brend bolup durýar: täze hasaba alynýan awtoulaglaryň 19,3%-i Tesla-nyň paýyna düşýär. Munuň sebäbi, ähtimal, Tesla-nyň tehnologik we hil taýdan ösen aýratynlyklarynyň utgaşmasy bolup, bu bolsa innowasiýa ýokary baha berýän baý müşderileriň ünsüni çekýär.
Toyota we Ford ýaly brendler hem ABŞ-daky baý ilatyň arasynda giňden ulanylýar. Bu brendler has amatly we ygtybarly hasaplanylýar, şeýle-de abatlaýyş boýunça-da iň az çykdajylylaryň hatarynda ýerleşýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......