ABŞ-nyň Adalat ministrligi Google-dan mahabat biznesiniň tas hemmesini satmagyny talap etdiz

  • 05.05.2025 13:12
  • 3.1k+

ABŞ-nyň Adalat ministrligi (DOJ) Google-yň sanly mahabat bazaryndaky monopoliýasyny aradan aýyrmak üçin, onuň esasy mahabat platformalary bolan Google AdX we Google Ad Manager-i satmagyny talap etdi. Google AdX internetdäki mahabat ýerleriniň söwdasy boýunça iň uly platformalaryň biridir. Google Ad Manager bolsa, saýtlaryň eýelerine mahabat ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär diýip, «Financial Times» neşiri habar berýär.

Goşmaça çäre hökmünde, ABŞ-nyň Adalat ministrligi Google-dan bäsdeşlerine teklipler baradaky maglumatlary häzirki wagtda elýeterli etmegini hem talap edýär. Bu meseleler boýunça kazyýet diňlenşigi 22-nji sentýabrda Wirjiniýa ştatynyň federal kazyýetinde geçiriler. Mundan ozal hem başga bir kazyýet Google-yň öz platformalaryny birleşdirip, bäsdeşlerine päsgel berip, bazarda monopoliýa döredendigini kesgitläpdi.
Şeýle-de bolsa, ministrlik beýleki bir ugur bolan mahabat ýerleşdiriş torlarynda Google-yň monopoliýasyny subut edip bilmedi. Şeýlelikde, kompaniýa diňe iki esasy ugur boýunça aýyplandy. Google bu talaplaryň hemmesine garşy çykyp, Meta, Amazon we TikTok bilen bäsleşýändigini aýtdy. Kompaniýa bahalar baradaky maglumatlary paýlaşmaga taýardygyny, emma platformalary satmak islemeýändigini mälim etdi.
Ýatlatsak, mundan ozal başga bir kazyýet Google-yň Safari brauzerinde öz gözleg ulgamyny deslapky hökmünde ýerleşdirmegi üçin, Apple kompaniýasyna 20 milliard dollar töländigini we gözleg bazarynda hem monopoliýa döredendigini kesgitläpdi. Şeýle-de derňew işleriniň dowamynda, ABŞ-nyň Adalat ministrligi Google-dan Chrome brauzerini satmagyny talap edipdi. Şeýle hem San-Fransiskodaky federal kazyýet Google-yň mobil programmalaryň arayndaky bäsdeşlige hem päsgel berýändigini aýdyp, Android operasion ulgamyny açyk saklamagy (open source) tabşyrdy.


düýn 15:10
1.2k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.3k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......