ABŞ-nyň Adalat ministrligi Google-dan Chrome-y satmagy talap edýär: derňew dowam edýär

  • 11.03.2025 14:50
  • 3.2k+

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Google kompaniýasyndan Chrome brauzerini satmagyny talap edýär. Bu çäre kompaniýanyň gözleg bazaryndaky monopoliýasyny aradan aýyrmak üçin görülýär. Bu barada kazyýet resminamalaryna salgylanyp, «TechCrunch» neşiri habar berýär.

Bu talap ilkinji gezek geçen ýyl, ýagny ABŞ-nyň öňki prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasy döwründe öňe sürüldi. Google-yň başgaça syýasata  garaşandygyna garamazdan, täze administrasiýa hem şol pikirleri öňe sürmäge dowam etdi. Şeýle-de bolsa, ministrlik bu mesele boýunça öz pozisiýasyny birneme ýumşatdy: emeli aňa (Anthropic hem degişli) maýa goýmak boýunça doly gadaganlyklary girizilmez, bu maýa goýumlary barada Google hökümeti habarly etse ýeterlik bolar.
Derňew işleri kazy Amit Mehtanyň Google-y gözleg bazarynda monopoliýa döretmek boýunça aýyplamagyndan soň başlady. Prokuror Omid Assefi bolsa, Chrome-yň başga bir kompaniýa satylmagyny, şeýle-de Google-yň öz gözleg hyzmatyny öňe sürmegi üçin, hyzmatdaşlaryna töleg tölemegini  gadagan etmek baradaky talaplary bilen çykyş etdi. Muňa mysal hökmünde, Safari brauzerindäki deslapky gözleg hyzmaty hökmünde Google-yň ornaşdyrylmagy üçin, Apple kompaniýasyna 2022-nji ýylda 20 milliard dollar töländigini görkezmek bolar.
Google bu karara garşy şikaýat taýýarlap, hyzmatdaşlaryna has uly erkinlik bermek teklibini orta atdy. Kompaniýanyň wekili Adalat ministrliginiň çäreleriniň sarp edijilere, ykdysadyýete we ABŞ-nyň howpsuzlygyna zyýan ýetirip biljekdigini aýtdy.
Kazy Mehta bu kazyýet işine aprel aýynda sereder – bu hem tehnologiýa ägirdi bilen bolan jedelde iň möhüm pursat bolar.


05.06.2026 15:39
2.2k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
7.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

30.05.2026 19:37
9k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......