ABŞ Google-a iOS-da we Android-de esasy gözleg ulgamy bolmagy gadagan edip biler

  • 08.08.2024 15:39
  • 2.4k+

ABŞ-nyň Federal kazyýeti gözleg ulgamy bazarynda Google-y monopolist hökmünde ykrar etdi diýip, The Wall Street Journal-da habar berilýär.

Kazy Amit Mehtanyň belläp geçmegine görä, kompaniýa gözleg ulgamyny gurnamaklary üçin smartfon öndürijilerine milliardlarça dollar töläp, monopoliýany saklamakda öz bazar güýjüni ulanýanýar. 2022-nji ýylda kompaniýa, Safari brauzerine birikdirilmegi üçin Apple-e takmynan 20 milliard dollar töledi.
Bu maliýe şertnamalary, Google-a smartfonlarda gözleg ulgamy bazarynyň 95%-ini ele almaga we dünýädäki gözleg soraglarynyň 90%-ini işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Kazyýet, kompaniýanyň hereketleriniň bäsdeşligi basyp ýatyrýandygyny anyklady, ýöne Google bu karara garşy çykyp, Amazon, TikTok we Reddit bilen bäsleşýändigini nygtaýar we gözleg ulgamynyň üstünligini önümleriniň ýokary hili bilen baglanyşdyrýar.
Kazyýetiň karary, smartfon öndürijileri bilen şertnama baglaşmagy gadagan etmegi ýa-da uly jerime salmagy öz içine alyp biler.
2024-nji ýylda ABŞ-nyň Adalat ministrligi Google-y onlaýn mahabat bazaryndaky monopoliýada aýyplap, kompaniýa garşy kazyýet işini açdy. Bu kazyýet işi sentýabr aýynda başlar.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......