ÝB ulanyjylaryň maglumatlaryny paýlaşandygy üçin TikTok-a 530 mln ýewro jerime saldy

  • 04.05.2025 19:53
  • 7.9k+

Irlandiýanyň maglumatlary goramak boýunça komissiýasy ÝB-niň maglumatlaryň goralmagy boýunça umumy düzgünleriniň (GDPR) talaplaryny bozandygy üçin, TikTok-yň eýesi bolan ByteDance kompaniýasyna 530 million ýewro möçberinde jerime saldy. Bu barada «Reuters» agentligi habar berýär.

Komissiýa ByteDance kompaniýasynyň Hytaýdaky işgärleriniň ÝB-niň ulanyjylarynyň maglumatlaryna elýeterliligini çäklendirýändigini subut edip bilmändigini anyklady. Ýewropanyň kanunçylygy maglumatlaryň ÝB-niň çäginde saklanylmagyny talap edýär. Kompaniýa maglumatlaryň işlenilişini alty aýyň dowamynda ÝB-niň kanunlaryna laýyk getirmäge borçlandyryldy.
ByteDance kompaniýasynyň wekilleri bu karara garşy çykjakdyklaryny mälim etdiler. Olar bu çözgüdiň 2023-nji ýylda girizilen howpsuzlyk çärelerini hasaba almaýandygyny öňe sürýärler. ByteDance kompaniýasy ÝB-däki ulanyjylaryň maglumatlarynyň Ýewropada we ABŞ-da ýerleşýän ýörite maglumat merkezlerinde saklanýandygyny, şeýle-de bu maglumatlara elýeterlilik babatda hytaý häkimiýetlerinden hiç haçan resmi talabyň gelip gowuşmandygyny düşündirdi.
TikTok-yň Ýewropadaky ulanyjy sany, takmynan, 175 million adama barabar. Bu ByteDance üçin ilkinji sebitleýin uly jerime däl. 2023-nji ýylda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň şahsy maglumatlaryny işlemegiň düzgünlerini bozandygy üçin, kompaniýa 345 million ýewro jerime salnypdy.


17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

05.06.2026 15:42
3.5k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

02.06.2026 21:16
6k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
7.1k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....