Ýewropa Bileleşigi TikTok-a 368 million dollar jerime saldy

  • 18.09.2023 14:11
  • 14k+

Ýewropa Bileleşigi TikTok sosial ulgamyna kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen baglanyşykly maglumatlary ulananda Brýusseliň maglumatlary goramak boýunça berk düzgünlerini (GDPR) bozandygy üçin 345 million ýewro (368 million dollar) jerime saldy.

TikTok-yň merkezi kwartirasy Dublinde ýerleşýär we ÝB-niň adyndan hereket edýän Irlandiýanyň maglumatlary goramak boýunça komissiýasy sosial media ägirdini üç aýyň içinde işini talaba laýyk tertibe salmaga borçly etdi.
Bu jerime 2020-nji ýylyň iýul-dekabr aýlary aralygynda bolup geçen düzgün bozmalar boýunça iki ýyllyk derňewden soň salyndy.
Bu programma ýaşlaryň arasynda gaty meşhurdyr we Irlandiýanyň häkimiýetleri öz kararlarynda şeýle netijä geldiler: çagalaryň hasap ýazgylary köpçülige mälim ediljek derejede hasaba alyndy.
Bu TikTok-yň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň şahsy maglumatlaryny gorap bilmänligi üçin birinji gezek temmi alşy däl. Sosial ulgama 2019-njy ýylda ABŞ tarapyndan takmynan 5 million dollar, 2021-nji ýylda Niderlandlar tarapyndan 750 000 ýewro jerime salyndy. Geçen ýylyň aprelinde Beýik Britaniýa şuňa meňzeş hukuk bozulmalara ýol berendigi üçin oňa 15 million ýewro töweregi jerime saldy.
TikTok soňky salnan jerimä nädip jogap bermelidigini kesgitleýändigini aýtdy.


02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....