Samsung smartfon bazarynda ýene öňdebaryjy, Apple ikinji orna düşdi

  • 04.05.2025 02:17
  • 4.5k+

Canalys kompaniýasy 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde global smartfon üpjünçiligi barada maglumatlary hödürledi. Analitiki kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bu döwürde 296,9 mln smartfon iberildi – bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 0,2% köpdür.

Ösüş Hytaýda we ABŞ-da hasaba alyndy, ýöne Hindistanda, Ýewropada, Latyn Amerikasynda we Ýakyn Gündogarda pese gaçyş hasaba alynýar. Bu sebitlerde bazar doly bolup, sarp edijiler täze gurluşlary az satyn alyp başlady. Ýewropada ammarlarda flagman modelleriň ätiýaçlyklary köpeldi, orta we pes bahaly smartfonlaryň üpjünçiligi bolsa ekodizaýn boýunça taýýarlanýan direktiwa sebäpli bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Afrikada bölek söwdanyň işjeňleşmegi netijesinde satuw ýokarlandy. Vivo we Honor kompaniýalary daşary ýurt bazarlarynda iki belgili ösüş barada habar berdi. Honor Hytaýdan daşary üpjünçiligiň rekord derejesini gazandy. 
Apple täze nyrhlaryň girizilmek ähtimallygy sebäpli ABŞ-a smartfon ibermegini artdyrdy. iPhone-yň esasy önümçiligi Hytaýda bolsa-da, birinji çärýekde kompaniýa Hindistanda iPhone 15 we 16 modelleriniň önümçiligini işjeňleşdirdi.
Samsung 20% paý (60,5 mln smartfon) bilen birinji orny eýeledi. Apple 19% (55 mln) bilen ikinji, Xiaomi 14% (41,8 mln) bilen üçünji orunda ýerleşýär. Vivo we Oppo, degişlilikde, 22,9 we 22,7 mln smartfon iberdi.
Canalys täze modelleriň satuwynyň we ammardaky ätiýaçlyklaryň azaldylmagynyň satuwy ýokarlandyrjakdygyny, ýöne $200-400 segmentinde bäsdeşligiň güýçlenjekdigini çaklaýar.


düýn 08:17
714

Apple kompaniýasy Mac we iPad gurluşlarynyň bahasyny tas 20% gymmatlatdy

Apple kompaniýasy ýat çipleriniň we göterijileriň bahasynyň gymmatlamagy sebäpli birnäçe MacBook, iPad we iMac modelleriniň bahasyny, takmynan, 20% ýokarlandyrdy. Şondan soň maýa goýujylaryň islegiň peselip......

27.06.2026 20:25
4k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

24.06.2026 17:02
2.6k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....