Starbucks awtomatizirlemekden ýüz öwrüp, has köp baristany işe almaga başlady

  • 04.05.2025 02:21
  • 5.2k+

Starbucks baristalaryň sanyny artdyrmagy, iş çalşygyny uzaltmagy we öňki awtomatizirleme syýasatyndan ýüz öwürmegi meýilleşdirýär. Bu barada The Guardian habar berýär.

Kompaniýanyň baş direktory Braýan Nikkol maýadarlar bilen gürrüňdeşlikde işgärleriň sanynyň azaldylmagynyň hyzmatyň hiline ýaramaz täsir edendigini aýtdy.
Ol soňky bir-iki ýylda dükanlarda işçi güýjüniň aýrylyp, tehnika bil baglanandygyny, ýöne munuň garaşylan netijäni bermändigini belledi.
2024-nji ýylyň tomsunda Nikkol kompaniýa geleninden bäri Starbucks 3 müň kofehana has köp işgär aldy. Umuman alanyňda, Starbucks-yň dünýäde 36 müň kofehanasy bar. Munuň bilen bir wagtda kompaniýa içgileri taýýarlamagy çaltlaşdyrmak üçin niýetlenen Siren Craft ulgamynyň ulanylmagyny azaldýar.
Nikkol müşderi hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak üçin diňe bir enjamlaryň däl-de, eýsem ýeterlik derejede işgärleriň gerekdigini belledi.
Şeýle-de, ol menýuny ýönekeýleşdirmäge, baha syýasatyny üýtgetmäge we täze tagamlary goşmaga wada berdi.
Kompaniýa eýýäm rahat mebellere, keramiki gaplara we bulgurlardaky ýazgylara gaýdyp geldi. Bu rahat atmosferany döretmäge we myhmanlaryň kafede uzak galmagyna ýardam edýär. Şeýle-de bolsa, ýylyň ilkinji üç aýynda Starbucks-yň satuwy 1% azaldy – bu yzygider bäşinji pese gaçyşdyr. Nikkol netijäniň “kanagatlanarsyzdygyny” belledi, ýöne Hytaýda we Kanadada ösüşiň bardygyny aýtdy.  

şu gün 15:52
806

Pekinde ýeňil uçar iň beýik gökdirän binany baryp urdy

Ýeňil motorly sport uçary Pekiniň iň beýik binasy bolan China Zun (Çaýna-Szun) binasyna uruldy. Bu wakadan soň bina doly ewakuasiýa edildi diýip, «South China Morning Post» neşiri habar berýär....

şu gün 12:00
1.8k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

şu gün 11:31
701

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

şu gün 11:02
996

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....