Aşgabatda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçirilýär

  • 03.05.2025 12:12
  • 5.3k+

Aşgabatda Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär. 1-nji maýda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bu medeni çäräniň açylyş dabarasynyň çäklerinde sergi guraldy. Onda arap kalligrafiýasynyň gymmatlyklary, Liwiýanyň milli lybaslary, kitaplardyr milli tagamlar görkezildi.

Açylyş dabarasynyň dowamynda dostlukly ýurduň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Konsert maksatnamasyna halk sazlarydyr aýdymlar, nusgawy we estrada sazlary, tans kompozisiýalary girizildi. Sazandalar, aýdymçylardyr tansçylar tomaşaçylara milli medeniýetleriň özara baglanyşygyny açyp görkezdiler.

 

Dostlukly ýurduň Medeniýet günleriniň çäklerinde Aşgabatda «Adamzadyň medeni ösüşini açyp görkezmekde we arap dilini hem-de yslam magaryfyny baýlaşdyrmakda türkmen alymlarynyň eýeleýän orny» atly maslahat hem geçirildi. Liwiýadan gelen myhmanlar üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Olar ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleri, şol sanda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň täsin gymmatlyklary bilen tanyşdylar.
Döredijilik çäresiniň jemleýji gününde Türkmenistanyň we Liwiýanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçiriler.



şu gün 00:03
529

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......