TSMC çip imperiýasyny bir wagtda 3 yklymda 24 zawod gurýar

  • 03.05.2025 10:59
  • 1.7k+

Taýwanly ägirt TSMC häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde şol bir wagtyň özünde 24 sany zawody gurar. Bu zawodlaryň 15-si Taýwanda ýerleşýär (şolaryň 11-si plastina öndürýän fabrika, 4-si bolsa çip gaplaýyş kärhanasy), 6-sy ABŞ-nyň Arizon ştatyndaky Fab 21 taslamasynyň çäginde gurulýar, galanlary bolsa Ýaponiýada we Germaniýada ýerleşýär. Bu strategiýa kompaniýanyň ýarymgeçiriji bazaryndaky öňdebaryjylygyny güýçlendirmäge gönükdirilendir.

TSMC 2020-nji ýyla çenli, ýylda ortaça 3 zawod gurýardy. 2021-nji ýyldan başlap, gurluşygyň tizligi birden ýokarlanyp, ýylda 5 zawoda çykdy, 2024-nji ýylda bolsa birbada 9 desganyň gurluşygyna badalga berildi. Bir zawodyň gurluşygynyň 3-4 ýyla çekýändigine garamazdan, kompaniýa häzirki wagtda 24 ýerde bir wagtda iş alyp barýar. Gyzykly tarapy, daşary ýurtlardaky zawodlarda öndürilýän önümleriň hili Taýwandakylardan pes däl.
Analitikleriň çaklamasyna görä, TSMC öňümizdäki ýyllarda hem bazardaky liderligini saklar. Sebäbi, häzirki wagtda Intel-iň taslamalary doňduryldy, Samsung bolsa tehniki kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Şol bir wagtyň özünde, TSMC täze 2-nm tehnologiýasy (N2) bilen öndürilen çipleriň ýokary hillidigini mälim etdi. Bu çipleriň köpçülikleýin önümçiligine ýylyň ikinji ýarymynda başlanmagyna garaşylýar.
Bu çalt ösüş işgär sanynyň artdyrylmagyny talap edýär. Garaşylmagyna görä, işgärleriň sany 2026-njy ýyla çenli 100 müňden geçer, bu bolsa 2019-njy ýyldaky 51 müň bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarydyr. Ösüşiň tizligine garamazdan, TSMC täze hem-de işjeň desgalaryň hemmesinde hem ýokary önümçilik hilini saklaýar.

düýn 20:25
2.5k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......