Saud Arabystany haj döwründe zyýaratçylar üçin düzgünleri güýçlendirýär

  • 02.05.2025 13:05
  • 17k+

Saud Arabystany 10-njy iýuna çenli dowam etjek haj döwründe musulmanlar üçin mukaddes ýerlere – Mekgä we Medinä barmagyň täze düzgünleri barada habar berdi. Indi giriş diňe ýörite haj wizasy bilen mümkindir.

Ýurduň Içeri işler ministrligi ygtyýarnamasyz haj parzyny ýerine ýetirmek synanyşygy üçin 20 000 saud rialyna (takmynan, 5 300 dollar) çenli jerimäniň göz öňünde tutulandygyny duýdurýar. Jerime görkezilen döwürde Mekgä girmek ýa-da galmak isleýän islendik wiza eýelerine degişlidir.
Şeýle-de, haj düzgünlerini bozmaga synanyşan adamlara wiza almak üçin ýüz tutýanlara 100 000 saud rialyna (takmynan, 26 000 dollar) çenli jerime salnar. Bikanun migrantlar, şol sanda möhleti geçen wizaly adamlar ýurtdan çykarylar we ýurda 10 ýyl girmek gadagan ediler.
Mundan başga-da, häkimiýetler haj rugsady bolmadyk adamlary Mekgä getirmek üçin ulanylan ulaglary konfiskasiýa eder. Syýahatçylyk ministrligi Mekgedäki myhmanhanalara we beýleki ýerlere haj üçin resmi rugsady bolmadyk adamlary kabul etmegi gadagan etdi.

“Haj rugsady ýa-da haj möwsüminde işlemek ýa-da ýaşamak üçin şähere girmäge resmi ygtyýarnamasy bolmadyk” adamlary kabul etmek gadagan diýip, Saud Arabystanynyň Syýahatçylyk ministrligi habar berdi.


düýn 09:50
4k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
4.9k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.6k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.4k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......