Hindistanda hakyky pilleriň deregine robotlaşdyrylan piller ulanylyp başlandy

  • 02.05.2025 15:45
  • 8.9k+

Hindistanyň Kerala ştatynda dini däp-dessurlarda robotlaşdyrylan piller ulanylyp başlandy. Aýna süýümden we rezinden ýasalan metal karkasly bu mehaniki jandarlar hakyky pilleriň hereketlerini we sesini gaýtalap bilýär diýip, Goodnet habar berýär.

Bu taslamany 2023-nji ýyldan bäri şeýle robotlaryň ondan gowrak modelini döretmek üçin serişde bölüp beren PETA India guramasy öňe sürdi. Robot piller hakyky pilleri ýörite goraghanalara geçirmek şerti bilen ybadathanalara berler.
Robotlaryň biri eýýäm Çakkamparambu Bhagawathi ybadathanasyna gowşuryldy. Bu ybadathananyň öňki ruhanysy däp-dessurlarda ýabany haýwanlaryň ulanylmagyna garşydygyny aýdyp, muny “düýbünden ahlaksyz” diýip atlandyrypdy.
Hindistanda 2700 töweregi pil bendilikde saklanýar we olar uly fiziki hem emosional kynçylyklary başdan geçirýär. Robotlaşdyrylan tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy haýwanlar bilen gatnaşyklaryň medeni hem ahlak taraplaryny göz öňünde tutup, däp-dessurlary döwrebap görnüşde saklap galmaga mümkinçilik berer.
PETA India bu çemeleşmäniň adamlar bilen pilleriň arasyndaky howply çaknyşmalaryň sanyny hem azaltjakdygyny we haýwanlaryň ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagyna ýardam etjekdigini belledi.


düýn 12:35
5.5k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

26.05.2026 15:47
10k+

Hindi poliseýleri yssy howa sebäpli içi kondisionerli başgap geýýärler

Hindistanda dowam edýän aşa yssy howa zerarly Nýu-Deliniň ýol polisiýasynyň işgärleri içine sowadyş ulgamy gurnalan şlemleri geýip başladylar....