Chery-nyň täze krossoweri howpsuzlyk synagynda 11,5 tonna agrama çydady

  • 02.05.2025 18:09
  • 18k+

Chery kompaniýasy özüniň täze Tiggo 8 CSH gibrid krossoweri üçin “awtomobil diňi” synagyny geçirdi. Bu barada brendiň metbugat gullugy habar berdi.

Synagda bu brendiň ýedi awtomobili biri-biriniň üstünden dik goýuldy we netijede 12 metrlik “diň” emele geldi. Awtomobiliň kuzowy hiç hili formasyny üýtgetmezden 72 sagadyň dowamynda 11,5 tonna basyşa çydamagy başardy. Bu howpsuzlygyň ýokary derejesini we awtomobiliň bäş ýyldyzly reýtingini tassyklaýar.
Kuzowyň berkligi üçin 65%-den gowrak berk polat, şol sanda ýokary temperaturalarda taýýarlanan elementler ulanyldy. Bu urgy güýjüni has gowy ýaýratmaga we ýolagçylary hatda has agyr şertlerde-de goramaga kömek edýär.
Tiggo 8 CSH meýdany 1605x505 mm bolan 10 howpsuzlyk ýassygyna eýe boldy. Olar basyşy 6 sekunta çenli saklap, ygtybarly goragy üpjün edýär. Şeýle-de, awtomobiliň ýoly yzarlap, howplar barada duýdurýan 19 ADAS ulgamy bar.
Synaga gatnaşan hünärmenler awtomobiliň ähli garaşylan netijelerden geçendigini belledi.
Chery öz awtomobilleriniň hakyky şertlerde howpsuzlygyny subut etmek üçin “Missiýa ýerine ýetirmesiz” başlangyjynyň çäklerinde şeýle synaglary geçirmegini dowam etdirer.

şu gün 06:54
556

Hyundai islegiň peselmegi sebäpli iň soňky uniwersal modelini çykarmagy bes eder

Hyundai kompaniýasy i30 Wagon uniwersalynyň önümçiligini bes etmek barada netijä geldi. Ol markanyň bu kuzow görnüşindäki iň soňky modelidi. Bu çözgüt barada Hyundai Motor Europe kompaniýasynyň prezidenti we......

düýn 21:54
2.1k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

27.06.2026 09:56
2.5k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.8k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......