WSJ: Tesla Ilon Maskyň ornuna täze baş direktory gözleýär. Kompaniýa maglumaty ret edýär

  • 01.05.2025 20:04
  • 9.2k+

Tesla-nyň müdirler geňeşi bir aý öň kompaniýanyň baş direktory wezipesinde Ilon Masky çalyşmak barada maslahatlaşyp başlady. Bu barada çeşmelere salgylanyp, The Wall Street Journal habar berýär. Munuň sebäbi kompaniýanyň paýnamalarynyň pese gaçmagy we maýadarlaryň Maskyň Ak tamdaky işlere wagtyny köp sarp etmeginden nägile bolmagy boldy.

Neşiriň söhbetdeşleriniň aýtmagyna görä, müdirler geňeşiniň agzalary täze baş direktory tapmak üçin eýýäm ýörite agentliklere ýüz tutdy. Şol bir wagtyň özünde Maskdan Tesla-nyň işine köp üns bermek we bu barada köpçüligiň öňünde aýtmak soraldy. Çeşmeler Maskyň garşy çykmandygyny habar berýär. Ýöne onuň müdirler geňeşiniň pikirinden we prosesiň nähili dowam edýändiginden habarynyň bardygy ýa-da ýokdugy belli däl.
Tesla-nyň özi täze ýolbaşçynyň gözlenilýändigi baradaky habary ret edip, WSJ-niň maglumatyny “ýalňyş” we “düýbünden ýalan” diýip atlandyrdy. Kompaniýa Maskyň Tesla-ny ösdürip biljekdigine ynanýandygyny belledi. Maskyň özi hem makalany “ýalan”, WSJ neşirini bolsa “žurnalistikanyň abraýyny gaçyrýan” diýip atlandyrdy.
Işewür Tesla-a 2004-nji ýylda esasy maýadar hökmünde goşuldy, soňra kompaniýanyň baş direktory boldy.
2025-nji ýylyň aprel aýynda kompaniýa birinji çärýekde girdejiniň 71% pese gaçyp, 409 mln dollar bolandygyny habar berdi. Tesla satuwyň Maskyň Hökümet netijeliliginiň departamentindäki (DOGE) işinden zyýan çekendigini aýtdy. Hasabat neşir edilenden soň, Mask maý aýyndan Waşingtondaky iş wagtyny azaltjakdygyny, 30-njy maýa çenli bolsa DOGE-yň başlygy wezipesinden gitjekdigini aýtdy. 


11.03.2026 20:11
9.9k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.2k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

12.02.2026 23:21
3.1k+

Ilon Mask: X platformasyny (öňki Twitter-i) 1 milliarddan gowrak adam ulanýar

​X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) eýesi Ilon Mask bu programmany gurnan adamlaryň sanynyň bir milliarddan aşandygyny mälim etdi. ​"Biziň bir milliard ulanyjy barada aýtmagymyzyň sebäbi, ortaça aýlyk ulanyjylarymyzyň sany 600 million töweregi bolsa-da, goşundyny ýükläp alanlaryň sany bir milliarddan ep-esli köpdür...