Dünýäniň iň garry adamy ady beýik britaniýaly zenana geçdi

  • 01.05.2025 15:26
  • 20k+

116 ýyl 326 gün ýaşynda monah aýal Ina Kanabarro Lukas aradan çykdy – ol dünýäde iň garry adam diýlip hasaplanýardy. Bu barada aýalyň degişli bolan Portu-Alegri şäheriniň dini jemagatyna salgylanyp, AFP habar berýär.

Amerikanyň Gerontologiýa gözlegleri toparynyň (GRG) maglumatlaryna we LongeviQuest maglumatlar bazasyna görä, Lukas aradan çykandan soň dünýäniň iň garry ýaşaýjysy ady Beýik Britaniýanyň Surreý graflygyndan Etel Keýtereme geçdi. Geçen ýylyň awgust aýynda ol 115 ýaşyny doldurdy.
Ina Lukas hormatly ady ýanwar aýynda 116 ýaşly ýaponiýaly Tomiko Itooka aradan çykandan soň aldy.
LongeviQuest 110 ýaşynyň dolan güni monah aýalyň Rim papasy Fransiskden ak pata alandygyny habar berýär. Papa geçen duşenbe güni 89 ýaşynda aradan çykdy we dynç günleri jaýlandy.
GRG-niň başlygy Robert Ýangyň aýtmagyna görä, Lukas öz doglan senesiniň 1908-nji ýylyň 27-nji maýydygyny aýtsa-da, resminamalarda onuň 8-nji iýunda doglandygy görkezilýär. Ina Riu-Grandi-du-Sul ştatynda dünýä indi. Ol general Dewid Kanabarronyň çowlugy, onuň kakasy bolsa 1923-nji ýylda söweşde aradan çykdy. Çagalykda gyzjagazyň gaty horlanandygy sebäpli, onuň ömri uly alada goýupdy.
Ilkibaşda ol internatda okady, soňra 1928-nji ýylda Montewideo göçüp gelip, monah boldy. 1930-njy ýylda Braziliýa dolanyp geldi we Rio-de-Žaneýrodaky bir mekdepde portugal dilinden we matematikadan sapak berdi.
2021-nji ýylda 112 ýaşynda ol koronawirusa garşy ilkinji sanjym dozasyny aldy. 2022-nji ýylyň oktýabrynda COVID-19 bilen keselledi we gutuldy. 

şu gün 00:07
1k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
795

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
1.7k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 23:53
1.1k+

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....