Kurt Kobeýniň döwlen gitarasy 101,5 müň dollara satyldy

  • 30.04.2025 14:04
  • 6k+

Sazanda Kurt Kobeýniň döwük gitarasy Tehasly kolleksionere 101,5 müň dollara satyldy. Saz guraly başda çaklanylandan has gymmat bahadan satyldy diýip, «TMZ» ýazýar.

Kobeýn bu gitarany 1992-nji ýylda "Nirvana" toparynyň Ýewropadaky konsert saparynyň dowamynda döwüpdi. Gitara şol saparyň dowamynda abatlanypdy, ýöne Kobeýn ony gaýdyp çalmandy.
Gitara auksionda uly gyzyklanma döretdi. Bäş adam jemi 11 gezek baha teklip etdi, iň pes teklip 30 müň dollardy. Saz guralynyň hakykylygyny Nirvana bilen işleşen tehnik Uly Jon Dunkan tassyklady.


Kurt Kobeýniň beýleki bir döwük gitarasy bolsa 2023-nji ýylda, takmynan, 600 müň dollara satylypdy. Sazanda ony «Nevermind döwründe» döwüpdi. Ol soňy bilen gaýtadan ýygnalsa-da, çalmaga ýaramly däldi. Şeýle-de gitaranyň üstünde Nirvana toparynyň üç agzasynyň hem goly bardy.

düýn 23:54
834

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
906

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
677

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....