Tirannozawryň derisinden tikilen ilkinji torbalar satuwa çykar

  • 30.04.2025 13:03
  • 9.5k+

Esasynda taryhdan öňki görnüşiň DNK-sy ýatan ilkinji moda aksessuary 2025-nji ýylyň ahyryna çenli dükanlarda peýda bolar.

Adaty deri önümçiligi uly möçberde tokaýlaryň çapylmagy bilen bagly, eýlemek bolsa, köplenç, zyýanly himiki serişdeleri ulanmagy talap edýär, bu bolsa daşky gurşawyň has-da hapalanmagyna sebäp bolýar. Şonuň üçin VML döredijilik gullugy, The Organoid genom inženerçiliginiň öňdebaryjysy we Lab-Grown Leather biotehnologiýalar önümçiligi kompaniýasy birleşip, hakyky öwrülişikli önümi - dinozawryň ýokary hilli derisini işläp taýýarladylar.
Bu degişme däl. Täze materialyň esasynda Ýer ýüzünde ýaşap geçen iň äpet we iň howply ýyrtyjylaryň biri bolan tirannozawryň galyndysynyň birleşdiriji dokumalary ýatýar.
Taslamanyň awtorlarynyň pikirine görä, taryhdan öňki görnüşden alnan dünýäde ilkinji emeli deri gadymy biologiýanyň geljekde ýokary öndürijilikli materiallaryň döredilmegine ylham berip biljekdigini öwrenmekde möhüm ädimdir. Ýöne iň gyzykly ýeri, dinozawryň derisiniň bazara çykjak wagty indi golaýda. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli lýuks klasly moda önüm satuwa çykarylar we soňra material beýleki pudaklara-da ýaýradylar.

şu gün 18:30
410

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....