Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň medeni-durmuş maksatly desgalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy

  • 30.04.2025 10:44
  • 6k+

29-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, şäheriň çäklerinde gurulýan döwrebap seýilgähiň şekil taslamasy, onuň çäklerinde oturdylmagy meýilleşdirilýän dürli şekilleriň, oturgyçlaryň, ekiljek bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow görkezilýän taslamalaryň özboluşly aýratynlyklary, desgalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeler barada hasabat berdi. Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda çagalar dynç alyş seýilgähiniň kiçi binagärlik görnüşleri, Arkadag şäheriniň metjidiniň derwezesiniň we bu binalar toplumynyň ýerleşiş meýilnamasy, Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň görnüşleri, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeler bar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi.

Ahalteke atlary şaýolunyň esasy girelgesiniň özboluşly aýratynlyklaryny synlap, Gahryman Arkadagymyz bu binanyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini, bu ýoldan geçýän ulaglar üçin girelgäniň kada laýyk bolmalydygyny nygtady.
Arkadag şäherinde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen we dünýäniň atçylyk sungatynyň özboluşly nusgasyna öwrülen Akhan atly bedewiň heýkeliniň oturdylmagy, bu ýoluň ugrunda “Taýçanak” binasynyň ýerleşdirilmegi şöhratly bedewlerimize bolan ählihalk söýgüsiniň aýdyň nyşanydyr. “Taýçanak” binasynyň dünýäniň hiç bir künjeginde gabat gelmeýän özboluşly gurluşy türkmen halkynyň ynsan gylykly bedewlerine kalbynyň töründen orun berýändigini aňladýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda kesgitlenen wezipeleri degişli derejede berjaý etmekde üstünlikleri arzuw etdi.


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......