Bakteriýalary ýok edýän boýag döredildi

  • 29.04.2025 21:48
  • 7.2k+

Nottingem uniwersitetiniň alymlary howply bakteriýalary ýok edip bilýän täsin antimikrob boýagyny işläp düzdüler. Öňki kümüş ýa-da mis düzümli örtüklerden tapawutlylykda, täze formulanyň düzüminde diglýukonat hlorgeksidin (CHX) bar – ol mikroblary we ştammlary tiz ýok etmek üçin güýçli biologik serişdedir. Bu barada «New Atlas» neşiri habar berýär.

Geçirilen synaglarda boýag altynsow stafilokoklary, içege taýajyklaryny we gök iriňli taýajyklary ýüzüne düşenden soň 18 sagadyň dowamynda ýok etdi. CHX işjeň kislorod görnüşlerini döretmek arkaly, bakteriýalaryň öýjük membranalaryny bozýar.
Bu tehnologiýa Indestructible Paint kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda döredildi we gapy tutawaçlarynda, germewlerde hem-de başga-da köp üstlerde ulanylyp bilner. Örtük açyk reňkde galýar, çyzylma garşy çydamly we daşky gurşawa zyýanly maddalary bölüp çykarmaýar.
Bu aýratyn-da immuniteti pes bolan näsaglar üçin örän wajypdyr, sebäbi olar üçin adaty bakteriýanyň özi hem ölüm howpuny döredip biler. Alymlaryň bellemegine görä, adaty metal örtükler, köplenç, gymmat we netijeliligi boýunça-da pes bolýar.


düýn 08:10
4.6k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......