Neuralink ilkinji gezek gapdal amiotrofik sklerozly hassa çip oturtdy

  • 29.04.2025 19:16
  • 6.9k+

Arizonanyň (ABŞ) ýaşaýjysy Bredford Smit dünýäde Neuralink implanty oturdylan üçünji adam boldy. Ol şeýle operasiýa geçirilen gapdal amiotrofik sklerozly ilkinji gürläp bilmeýän hassadyr.

Neuralink kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen çibiň netijesinde Smit pikiriň güýji bilen kompýuteri dolandyrýar, tekst ýygýar we wideo redaktirleýär.
Neuralink implanty – bu neýron signallaryny kabul edip, olary enjamlar üçin buýruga öwürýän beýni-kompýuter interfeýsi. Tehnologiýa sözlemekde we hereket etmekde kynçylyk çekýän adamlara aragatnaşyk saklamaga we çylşyrymly ýumuşlary ýerine ýetirmäge kömek edýär.
Indi Smit X sosial ulgamyny işjeň ulanyp, özüne sorag bermegi teklip edýär. “Neuralink çibini alan, gapdal amiotrofik sklerozdan ejir çekýän dünýäde ilkinji hassa bilen gürleşiň” – diýip, Ilon Mask sosial ulgamda onuň üstünligini teswirläp ýazdy.
Bu tehnologiýa fiziki taýdan mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin täze mümkinçilikleri açyp, olara pikiriň güýji arkaly dünýä bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär. 


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.6k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

25.05.2026 16:09
1.3k+

Oksfordyň alymlary Ebola wirusyna garşy täze sanjym taýýarlaýarlar

Oksford uniwersitetiniň alymlary dünýäniň iň wehimli wiruslarynyň biri bolan Ebola garşy täze waksina taýýarlaýarlar. Bu serişde ýakyn 2-3 aýyň dowamynda adamlarda synag edilip başlanylar....