Curiosity Mars roweri Gyzyl planetada hereket edip barýan wagty ilkinji gezek orbitadan surata düşürildi

  • 29.04.2025 15:02
  • 8.6k+

NASA-nyň Mars missiýasyny dolandyrýan topary Curiosity Mars roweriniň hereket edip barýan wagty ilkinji gezek orbitadan düşürilen suratyny paýlaşdy. Surat 2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda düşürilipdir, şol wagt rower Gyzyl planetanyň üstünde ylmy işleri geçirmek üçin täze bir ýere tarap ýola çykyp barýan eken.

Curiosity-niň hereket tizligi ýeriň şekiline we topragyň gurluşyna baglylykda üýtgeýär. Suratyň düşürilen mahaly berlen maglumatlara görä, rower minutda 2,6 metr tizlikde hereket edipdir. Suratda görünýän yzlaryň umumy uzynlygy, takmynan, 320 metre ýetýär. Bu aralygy Curiosity 2-nji fewraldan bäri, 11 gezeklik ýörişde geçipdir. NASA-nyň inženerleri her tapgyry öňünden jikme-jik meýilleşdirýärler, soň bolsa rower programmalaýyn usulda tapgyr-tapgyr ýoluny dowam etdirýär.
Orbitadan düşürilen surat NASA-nyň Mars Reconnaissance Orbiter apparatyna ornaşdyrylan HiRISE kamerasynyň kömegi bilen düşürilipdir. Kamera, esasan, gara-ak görnüşde surat alýar, diňe ortasyndaky dar zolagy reňkli bolýar. Curiosity Mars roweri gara-ak görnüşe düşüpdir. Marsyň üstünde galan yzlar birnäçe aýlap görnüp durar, soň bolsa şemal we tozan olary ýuwaş-ýuwaşdan ýitirer. Şeýle ownuk zatlaryň, ýagny roweriň goýan yzlarynyň haçan ýitýändigini öwrenmek hem möhümdir, sebäbi bu maglumatlar bize Marsda howanyň ýagdaýyny öwrenmäge mümkinçilik berýär.


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....