Peugeot 208 hetçbegi Ýewropada iň köp satylan awtomobil boldy

  • 29.04.2025 13:53
  • 4.6k+

Peugeot 208 hetçbegi 2025-nji ýylyň mart aýynda Ýewropada Dacia Sandero-dan öňe geçip, iň köp satylan awtomobil boldy. Bu barada JATO Dynamics-iň maglumatlaryna salgylanyp, “Awtostat” habar berýär.

Çeşmelere görä, mart aýynda bu modelden 25 241 awtomobil satyldy, bu 2024-nji ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 7% köpdür.
2025-nji ýylyň ýanwar we fewral aýlarynda öňdebaryjy bolan Dacia Sandero hetçbegi ikinji orna düşdi. Mart aýynda onuň satuwy 24 577 birlik boldy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 6% azdyr.
Üçünji orny 23 062 awtomobil bilen Renault Clio eýeledi. Onuň görkezijisi geçen ýylky bilen deňeşdirilende 3% pes boldy.
Dördünji orunda 2024-nji ýylyň mart aýyndaky görkezijisini 9% azaldan Nissan Qashqai krossoweri ýerleşdi. Onuň satuw görkezijisi 22 826 ulag boldy. Öňdebaryjylaryň bäşligini 21 553 ulag görkezijisi bilen Volkswagen Golf jemleýär. Netije geçen ýylkydan 17% azdyr.
Şeýle-de, iň meşhur modelleriň onlugyna Volkswagen T-Roc (21 292 birlik; +2%), Opel/Vauxhall Corsa (20 143 birlik, +8%), Peugeot 2008 (19 837 birlik, +9%), Volkswagen Tiguan (19 591 birlik, +42%) we Ford Puma (19 269 birlik, +1%) girdi. 


düýn 09:56
2.3k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

04.06.2026 14:32
3.2k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....