Serdar Berdimuhamedow YHG-nyň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny maslahatlaşdy

  • 29.04.2025 10:25
  • 2.8k+

28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hany kabul etdi. Ol YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda YHG-a agza döwletler bilen söwda-ykdysady, energetika, ulag, ekologiýa, syýahatçylyk, medeniýet ýaly ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary goldap, özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz bu gurama bilen söwda-ykdysady, aýratyn-da, energetika pudagynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow tebigy gazyň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň mawy ýangyjyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi.
Geografik taýdan amatly ýerleşmegi Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny ilerletmek üçin berk esas bolup durýar. Ulagyň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygynyň üpjün edilmegi bu ugurda uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalara gatnaşmak babatda YHG-nyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Şol gün şeýle hem YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Han şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryna garadylar we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ädimlerini kesgitlediler.
Ulag-üstaşyr mümkinçilikleriň açylmagyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň Beýik Ýüpek Ýolunyň şanyna çäre guramak başlangyjy ara alnyp maslahatlaşyldy.


20.05.2026 07:31
1.4k+

Hytaý daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny ýeňilleşdirýär

Hytaýyň häkimiýetleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada karar kabul etdiler. Täze düzgünler myhmanlaryň söwda etmegini aňsatlaşdyrmaga we ýurda......

19.05.2026 08:02
5.2k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

18.05.2026 21:15
1.4k+

Geçen hepde TDHÇMB söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 13 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 13 million 66 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan 19 sany geleşik hasaba alyndy....

17.05.2026 15:44
9k+

Hytaý we ABŞ birnäçe harytlar boýunça özara gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşdylar

Hytaýyň Söwda ministrligi Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda harytlaryň belli bir görnüşleri boýunça özara söwda gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşyk gazanylandygyny yglan etdi....