Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Curioo Kids bilim merkezi okuw-tejribe duşuşygyny geçirdi

  • 28.04.2025 18:57
  • 37k+

Aşgabat şäherindäki “Bilesigeliji” (Curioo Kids) okuw merkeziniň mugallymlary bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Bilimi dolandyrmak taýýarlygy ugry boýunça magistratura maksatnamasynyň magistrantlarynyň hem mugallymlarynyň gatnaşmagynda iňlis dilinde okuw-tejribe duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda okuw merkeziniň mugallymlary bilen magistrantlaryň arasynda çagalary okatmagyň usulyýeti we olaryň başarnyklaryny ösdürmek barada pikir alşyldy.
“Curioo Kids” okuw merkezinde çagalara iňlis dilini ýokary derejede we çuňňur öwretmek üçin Kembrij uniwersitetiniň we Malaýziýanyň okuw maksatnamalarynyň esasynda taýýarlanan “Curioo Kids Global English Learning World” okuw meýilnamasyndan ugur alynýar.
Duşuşygyň barşynda sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, çagalaryň iňlis dilinde gürlemegini kämilleşdirmek we olaryň özara gatnaşygyny ýola goýmak, geçilýän mowzuklary düşündirmegiň dürli usullary barada pikir alşyldy. Sorag-jogap alyşmak arkaly okatmakda duş gelýän kynçylyklar we olary aradan aýyrmagyň ýollary barada gürrüň edildi.

Okuwyň dowamynda diňe bir çagalar däl, eýsem olaryň ene-atalary bilen aragatnaşygyň saklanmagy möhüm bolup durýar. Ene-atalara “Çaga mekdepde özüni nähili alyp barýar?”, “Onuň näçe dosty bar?” ýa-da “Geljekde çagaňyzyň kim bolmagyny isleýärsiňiz” diýen ýaly soraglary bermek bilen, ene-atanyň çaga bolan gatnaşygyny işjeňleşdirmek, şol bir wagtyň özünde çaganyň geljekki ugruny we hünärini özbaşdak saýlamakda ýardam etmek esasy maksatlaryň biridir.
“Curioo Kids” bilim merkezi iňlis dilini öwretmegi däl-de, çagalarda tebigy bar bolan ukyplary ýüze çykaryp, şol ukyplary tehnologiýa, döredijilikli dizaýn we telekeçilik ugurlary boýunça ösdürmegi maksat edinýär. Netijede, çaga hem iňlis dili, hem öz halaýan ugry boýunça başarnygyny artdyrmaga mümkinçilik gazanýar.
Bilim merkezinde arakesmelerde logiki oýunlaryň oýnalmagy, çagalaryň arasynda bäsleşikleriň guralmagy okuwlaryň gyzykly we işjeň geçmegine ýardam edýär.

Bilim merkezinde tomusky okuw möwsümine ýazylyşyk dowam edýär! 1-nji maýa çenli ýazylanlara 10% ARZANLAŞYK berilýär.
Has giňişleýin maglumat almak üçin telefon belgileri arkaly habarlaşyp, şeýle hem Instagram sahypasyndaky täzelikleri yzarlap bilersiňiz.
Salgysy: Aşgabat ş., N.Gullaýew (Nagina) köçesi, jaý 33

Habarlaşmak üçin: +993 71 803535;
+993 71 80-65-65;
26-69-65.

Instagram: @curioo.turkmenistan 
TikTok:
@curioo.turkmenistan


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......