Türkmenistan Ispaniýada parahatçylyk boýunça başlangyja badalga bermek çäresine gatnaşdy

  • 28.04.2025 18:16
  • 7.4k+

25-26-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ispaniýa saparynyň çäklerinde Gernika şäherinde geçirilen “Parahatçylyga, uruşlaryň bes edilmegine we halkara hukugyna hormat goýmaga çagyryş” başlangyjyna badalga bermek boýunça çärä gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Çärä döwlet işgärleri, halkara guramalaryň wekilleri, ýaş liderler hem-de akademiki toparlaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.
A.Gurbanow öz çykyşynda Türkmenistanyň üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň parahatçylyk başlangyçlaryny, ýurtlaryň arasyndaky gepleşikleri ilerletmek we jedelleriň öňüni almak üçin platforma bolup hyzmat edýändigini nygtady. Bu ädimler Türkmenistanyň parahatçylyk medeniýetini berkitmek hem-de deňlik we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin goşant goşmaga ygrarlylygyny görkezýär.
Şeýle hem parahatçylygy we özara düşünişmegi güýçlendirmekde medeniýetleriň, dinleriň we halklaryň arasyndaky dialogy pugtalandyrmagyň ähmiýeti bellenildi.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....