Erzurumda Türkmenistanyň gatnaşmagynda YHG-nyň çäklerinde syýahatçylygy ösdürmek maslahatlaşyldy

  • 28.04.2025 18:11
  • 2.6k+

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2025-nji ýylyň 25–26-njy aprelinde Türkiýäniň Erzurum şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ECO) syýahatçylyk boýunça 6-njy ministrler maslahatyna gatnaşdy. Maslahatda guramanyň agza ýurtlarynyň arasynda syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Atageldi Şamyradow maslahatda eden çykyşynda tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna, amatly ekologiýa ýagdaýyna hem-de baý medeni mirasa eýe bolan Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň strategiki ähmiýetini aýratyn nygtady. Döwlet tarapyndan syýahatçylyga ýokary üns berilýändigi bellenildi. Şeýle hem syýahatçylygyň ýurduň ykdysadyýetinde iň çalt ösýän pudaklaryň biridigi, täze iş orunlarynyň döredilmeginde ähmiýeti bellenilip geçildi.
Ministrler maslahaty YHG sebitinde syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança boldy.

Saparynyň dowamynda medeniýet ministri birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Han bilen geçirilen gepleşiklerde syýahatçylygyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Eýranyň Medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Seýed Reza Salehi Amiri bilen geçirilen duşuşykda bolsa taraplar Türkmenistanyň we Eýranyň arasynda sergileri guramak arkaly syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ylalaşdylar.
Şeýle-de, Atageldi Şamyradow Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý bilen duşuşyp, syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.



düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......