Nissan taryhyndaky iň uly zyýany barada hasabat berdi

  • 28.04.2025 16:39
  • 4.6k+

Nissan taryhyndaky iň uly zyýan barada hasabat berdi. Mart aýynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijelerine görä, Nissan-yň arassa zyýanynyň mukdary 700-750 mlrd ýena (4,91-5,26 mlrd dollar) bolupdyr. Bu görkeziji işini halas etmek üçin giň gerimli we düýpli özgertmeleri geçirýän öndüriji üçin rekord boldy diýip, «Reuters» agentligi habar berýär.

Nissan-yň Demirgazyk Amerikadaky, Latyn Amerikasyndaky, Ýewropadaky we Ýaponiýadaky aktiwleriniň bahasy 500 mlrd ýenadan hem köräk pese düşdi. Şeýle-de bolsa, kämilleşdirmelere harçlanýan çykdajylar ýagdaýy has hem agyrlaşdyrýar, olaryň möçberi eýýäm 60 mlrd ýenadan geçdi.
Täze baş direktor Iwan Espinosa maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýän awtoägirdi halas etmek üçin tagalla edýär. Iş orunlary azaldylýar, önümçiligiň tizligi peseldilýär we kärhanalar ýapylýar.
Mart aýynda Nissan daşardan maýa goýulmazdan işini dowam etdirip bilmejekdigini resmi taýdan mälim edipdi. Honda bilen birleşmek boýunça geçirilen gepleşikler netijesiz boldy, sebäbi Nissan Honda-nyň golçur kompaniýasyna öwrülmek islemändi.
Honda bolsa, Makoto Uçidanyň baş direktor wezipesinden çekilmek şerti bilen, hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny bildiripdi. Emma Uçidanyň meýletin çekilmeginden soň, gepleşikleriň täze tapgyry hiç hili barada habar berilmedi.


08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....