Nissan kompaniýasy Honda bilen birleşmek üçin baş direktoryny çalyşýar

  • 11.03.2025 17:29
  • 3.2k+

Nissan 1-nji aprelden başlap Makoto Utidanyň kompaniýasynyň baş direktory wezipesinden çekiljekdigini resmi taýdan habar berdi. Onuň ornuna kompaniýanyň häzirki meýilnamalaşdyryş boýunça müdiri Iwan Espinosa belleniler. Bu çözgüdiň Honda bilen birleşmek boýunça geçirilen çäreleriň netije bermändigi üçin, şeýle-de gepleşikleri täzeden dikeltmek umydy bilen kabul edilendigi aýdylýar.

Ozal «Financial Times» neşiri Honda-nyň bu gepleşiklere gaýtadan başlamaga taýyndygyny, emma munuň diňe Utidanyň wezipesinden çekilmeginden soň mümkin boljakdygyny mälim edipdi.
Bu soňky sekiz ýylyň dowamynda Nissan-yň dördünji ýolbaşçy çalşygy bolup durýar.
Geçen ýylyň dekabrynda Nissan, Honda we Mitsubishi özara düşünişmek hakynda memoranduma gol çekip, birleşmek üçin ilkinji ädimleri ädipdiler. 2025-nji ýylyň iýunyna çenli ähli şertler ylalaşylmaly, 2026-njy ýylyň awgustyna çenli bolsa umumy holding kompaniýasy döredilmeli diýlip meýilleşdirilipdi. Emma 13-nji fewralda taraplaryň arasyndaky düşünişmezlikler sebäpli gepleşikler togtadyldy.
Makoto Utida bilen bilelikde 1-nji aprelde ýene-de iki sany ýokary derejeli ýolbaşçy wezipelerinden çekiler: brendiň ösüşine we müşderileriň hyzmatyna jogapkär Asako Hosino hem-de strategiýa we korporatiw meseleleri utgaşdyrýan Hideaki Watanabe.


12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....