Kaliforniýa Ýaponiýany geçip, dünýäniň iň uly 4-nji ykdysadyýeti boldy

  • 28.04.2025 12:20
  • 5.4k+

24-nji aprelde ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň gubernatory Gewin Nýusom Halkara pul gaznasynyň (IMF) 2024-nji ýyl boýunça maglumatlaryna görä, Kaliforniýanyň nomininal jemi içerki önüminiň (JIÖ-niň) 4,1 trln dollara ýetendigini aýtdy. Munuň netijesinde, ştat ykdysadyýetiniň ululygy boýunça Ýaponiýany (4,02 trln dollar) geçdi we ABŞ-dan, Hytaýdan we Germaniýadan soň dünýäde dördünji orny eýeledi.

Şol bir wagtyň özünde, ştatyň gubernatory häzirki ösüş dinamikasyndan çen tutsaň, Hindistanyň JIÖ-niň 2026-njy ýylda hem Kaliforniýadan hem-de Ýaponiýadan öňe geçip biljekdigini belläp geçdi. 2024-nji ýylyň jemlerine görä, Hindistanyň nomininal JIÖ-i 3,9 trln dollara deň boldy.
Häzirki wagtda Kaliforniýada, takmynan, 40 million adam ýaşaýar. Şeýlelikde, ol ABŞ-nyň iň köp ilatly ştaty bolup durýar we ýurduň umumy ilatynyň 12%-ini özünde jemleýär. Ştatyň JIÖ-i ABŞ-nyň umumy ykdysadyýetiniň 14%-ini düzýär. Kaliforniýanyň ykdysadyýetinde iň uly paýy maliýe hyzmatlary, ätiýaçlandyryş we emläk sektory eýeleýär (25%). Ikinji we üçünji orunlarda bolsa, professional hyzmatlar (14%) we maglumat tehnologiýalary pudagy (12%) bar. Önümçilik pudagy 11%-i, lukmançylyk hyzmatlary we saglygy goraýyş bolsa 7%-i düzýär. Kaliforniýa ABŞ-nyň ähli oba hojalyk önümleriniň eksportynyň 17%-ini we kompýuter hem beýleki elektron enjamlarynyň eksportynyň 18%-ini üpjün edýär.


düýn 18:54
4.5k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......