Dünýäniň iň iri kompaniýalary klimata $28 trillionlyk zyýan ýetirdi — barlagyň netijesi

  • 28.04.2025 12:04
  • 6.5k+

Täze geçirilen barlagyň netijelerine görä, dünýäniň iň uly kompaniýalary klimatyň üýtgemegine 28 trillion dollarlyk zyýan ýetiripdir. Bu mukdar ABŞ-nyň 2024-nji ýyldaky jemi içerki önümine deň bolup, ählumumy maýlama sebäp bolýan parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň netijesini görkezýär. Bu barada «Associated Press» habar berýär.

Sanawyň başynda Saudi Aramco bilen Gazprom durýar, olaryň hersi onlarça ýylyň dowamynda 2 trln dollardan gowrak zyýan üçin jogapkär hasaplanylýar. Ilkinji onlugyň hatarynda Chevron, ExxonMobil, BP, Shell ýaly beýleki iri nebit-gaz kompaniýalary hem bar. Alymlar «Carbon Majors» atly maglumat binýadyny ulanmak bilen, zyňyndylary kompaniýalar bilen baglanyşdyryp, olaryň klimata ýetirýän täsirini hasaplapdyrlar.
Barlagçylar şeýle hasaplamalaryň klimata degişli betbagtçylyklaryň öwezini dolmak boýunça açylýan kazyýet işlerinde peýdaly bolup biljekdigini belleýärler. Şol bir wagtyň özünde, käbir tankytçylar jogapkärçiligi diňe kömür we nebit ýaly baýlyklary gazyp alýan kompaniýalara ýüklemegiň, sarp edijileriň we beýleki pudaklaryň roluny äsgermezlikdigini öňe sürýärler. Şeýle-de bolsa, barlagyň awtorlary zyňyndylary azaltmak üçin gyssagly çäreleriň görülmelidigini aýdýarlar.


18.06.2026 09:51
2.9k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

15.06.2026 12:26
936

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......