Arkadag şäherinde türkmen bedewlerine bagyşlanan XVII halkara ylmy maslahat geçirildi

  • 27.04.2025 16:50
  • 2.9k+

25-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVII halkara ylmy maslahat geçirildi.

Maslahatda, ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran dostlukly saparynyň dowamynda Özbegistanyň ýokary döwlet sylagynyň — “Ýokary derejeli dostluk” ordeniniň gowşurylmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden gutlag sözleri aýdyldy.
Çykyşlarda täze taryhy eýýamda ahalteke bedewiniň Türkmenistanyň esasy nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň alamatyna öwrülendigi bellenildi.
Maslahatda ahalteke bedewleriniň janköýerleri bolan daşary ýurtly wekiller hem çykyş etdiler. Olaryň arasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Katarina Ýakob, Hytaý Halk Respublikasyndan “YEMA Group” kompaniýasynyň Baş direktory Çen Gang, Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Atçylyk guramasynyň türkmen atlary boýunça maslahatçysy Annamuhammet Gylyjy, Hytaýyň Oba hojalyk uniwersitetiniň professory Wang Çin bar. Olar ahalteke atlarynyň dünýäniň atçylyk medeniýetine, taryhyna we tohumçylygyna täsiri, öz ýurtlarynda bedewlere goýulýan sarpa, olaryň genetiki gorlaryny gorap saklamagyň we kämilleşdirmegiň tehnologiýasy barada gürrüň berdiler.
Maslahatyň dowamynda bedewler bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri beýan edýän çykyşlar diňlenildi. Hususan-da, ahalteke atlarynyň reňkleriniň genetiki özboluşlylygyny, türkmen seýisçilik sungatynyň aýratynlyklaryny ýaşlara öwretmekde halypa-şägirt gatnaşyklary hakynda aýdyldy. Şeýle hem foruma gatnaşyjylar atçylykda molekulýar genetikanyň tehnologiýalary, ahalteke atlaryny milli at üstündäki oýunlar üçin seýislemegiň tehnologiýasyny kämilleşdirmek, ahalteke bedewlerini bezemek sungatynyň taryhy kökleri, ýurtda atçylyk pudagynyň ösdürilişi bilen tanyşdylar.
Halkara ylmy maslahat “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň behişdi bedewleri”; “Ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde türkmen seýisçilik sungatynyň aýratynlyklary”; “Atçylygy ylmy taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri”, “Ahalteke bedewleri — taryhy we edebi ýazgylarda” atly dört bölümçede öz işini dowam etdi.
Ylmy maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......