Madrid şäherinde Türkmenistanyň we Ispaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleri geçirildi

  • 27.04.2025 16:41
  • 2.9k+

24-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Ispaniýa saparynyň çäklerinde Madrid şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda ispan tarapyna Ispaniýa Patyşalygynyň DIM-niň halkara gatnaşyklar we ählumumy meseleler boýunça Döwlet sekretary Diego Martines Belio ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda işjeň syýasy dialogy dowam etdirmek, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem diplomatlar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak arkaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň zerurlygyny nygtadylar. Bu ugurda ulgamlaýyn işi alyp barmak üçin şertler döretmek maksady bilen ikitaraplaýyn özara hyzmatdaşlyk mehanizmini, hususan-da Hökümetara topary ýa-da Iş geňeşini döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, söhbetdeşler medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakda özara medeniýet, kino we sungat günleriniň ähmiýeti bellenildi.

Şol gün BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Ženewadaky ýörite wekili Zorisa Uroşewiç bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda syýahatçylyk pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ulgamlaýyn dialogy ýola goýmak we berkitmek, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini wagyz etmek we ilerletmek bilen bagly meselelere garaldy.


düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....