Redmi Turbo 4 Pro tanyşdyryldy: 255 dollara nähili telefon alyp bolýar

  • 26.04.2025 13:10
  • 9.7k+

Xiaomi kompaniýasy resmi taýdan Redmi Turbo 4 Pro smartfonyny tanyşdyrdy. Ol subflagmanlar üçin niýetlenen Snapdragon 8s Gen4 prosessory bilen enjamlaşdyrylan ilkinji model hökmünde çykyş edýär.

Smartfon 6,83 dýuýmlyk IPS ekran bilen üpjün edilen, onuň durulygy 1,5K, täzeleniş ýygylygy 120 Gs, iň ýokary ýagtylygy bolsa 3200 nit. Gapdal çarçuwasy alýuminden (awiasiýa derejesindäki) ýasalan, enjamyň galyňlygy 7,98 mm. IP66/68/69 derejesinde tozana, suwa garşy goralan. Arka paneli aýna, esasy kamerasy 50 MP we 8 MP datçiklerden ybarat, olaryň ýanynda güýjüni sazlap bolýan yşyklandyryş ulgamy bar.
7550 mA·sag sygymly batareýasy 90 Wt simli tiz zarýad bermäge, şeýle-de 22,5 Wt simli tersine başga enjama zarýad bermäge ukyply. Şeýle hem enjamda infragyzyl (IR) sensor, NFC çipi we stereodinamikalar bar.
Täze model bäş dürli ýat bilen hödürlenýär. Ilkinji alyjylar üçin bahasy 2000 ýuandan başlanýar – bu hem 255 dollara barabar (12/256 GB). Emma döwletiň subsidiýasy bilen bu baha 215 dollara çenli aşaklaýar. Subsidiýasyz beýleki görnüşleriň bahasy: 16/256 GB — 290 dollar, 12/512 GB — 320 dollar, 16/512 GB — 345 dollar, 16 GB/1 TB — 380 dollar.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...