R.Meredow Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça teklipleri beýan etdi

  • 26.04.2025 00:45
  • 6.7k+

25-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Bu barada ‘Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri bu Guramanyň agzasy bolmak bilen, syýasy, durmuş-ykdysady, ylmy-tehnologiýa we medeni-ynsanperwer ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Wise-premýer ýurdumyzyň bu Gurama bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, birnäçe teklipleri beýan etdi. Hususan-da,

  • şu ýylyň 20-21-nji iýunynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän YHG-niň Daşary işler ministrler geňeşiniň 51-nji mejlisiniň işine türkmen wekiliýetini gatnaşdyrmak;
  • onuň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynda we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegini gazanmak;
  • 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli YHG-niň Daşary işler ministrler geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde parahatçylyga bagyşlanan maslahaty guramak baradaky teklipler bar.

Şeýle hem geljek ýyllaryň dowamynda bu guramanyň mowzuklaýyn mejlislerini, hususan-da, ulag, energetika, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary boýunça ministrler derejesindäki maslahatlary ýurdumyzda geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek;  şu ýylyň 1-2-nji iýulynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Azyk howpsuzlygy boýunça Yslam guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýedinji mejlisine ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy  baradaky teklip beýan edildi. 


şu gün 08:13
1.1k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
2.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
672

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......