Ýewropa Bileleşigi Apple-e 500 mln, Meta bolsa 200 mln ýewro jerime saldy

  • 25.04.2025 16:13
  • 3k+

Ýewropa Bileleşigi Apple we Meta kompaniýalaryna Sanly bazarlar hakyndaky kanuny (DMA) bozandygy üçin jerime saldy. Apple 500 million, Meta bolsa 200 million ýewro jerime tölemeli edildi. Bu barada «The Verge» neşiri habar berýär.

Apple kompaniýasyna App Store-daky işläp düzüjilere alternatiw töleg usullaryna gönükdirmäge rugsat bermändigi üçin jerime salyndy. Kompaniýa işläp düzüjilere beýleki töleg we abunalyk mümkinçiliklerini hödürleýän web sahypalaryna geçýän baglanyşyklary goýmaga mümkinçilik bermeýärdi. Bu strategiýa ýewropaly sarp edijileriň saýlaw azatlygyny çäklendirýär diýlip kabul edildi.
Meta kompaniýasy bolsa Facebook-daky we Instagram-daky ulanyjylary mahabat görmezlik üçin töleg tölemäge ýa-da şahsy maglumatlarynyň ulanylmagyna razy bolmagyna mejbur edýän modeli ulanypdy. Ýewropa Komissiýasy bu ýagdaýyň hem ulanyjylaryň azatlygyny bozýandygyny aýtdy.
Her iki kompaniýa hem 60 günüň dowamynda bu düzgün bozmalary düzetmeli, bolmasa goşmaça we has uly jerimeler bilen ýüzbe-ýüz bolarlar.
DMA 2023-nji ýylda güýje giripdi we sanly bazarlarda bäsdeşligi üpjün etmek üçin döredildi. Bu kanun esasynda Apple, Meta, Google, Amazon ýaly iri tehnologiýa kompaniýalary «derwezeban» hökmünde ykrar edilýär we aç-açanlyk, adalatlylyk talaplaryny ýerine ýetirmäge borçlandyrylýar.
Apple bu karara garşy çykjakdygyny mälim etdi. Meta bolsa kanunlaryň amerikan kompaniýalaryna garşy has agyr ulanylýandygyny öňe sürdi.


02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....