Tesla-nyň birinji çärýekdäki arassa girdejisi 71% pese gaçdy

  • 25.04.2025 14:40
  • 4.2k+

2025-nji ýylyň birinji çärýeginde amerikaly Tesla elektromobil öndürijisi 409 million dollar arassa girdeji gazandy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 71% azdyr.

Kompaniýanyň umumy girdejisi 9% peselip, 19,34 milliard dollar boldy. Tesla-nyň maliýe hasabatyna görä, awtoulag satuwlaryndan gelen girdeji 20% azaldy we 14 milliard dollar boldy.
Tesla bu pese gaçyşy Şanhaý, Berlin, Frimont (Kaliforniýa) we Ostin (Tehas) şäherlerindäki zawodlaryndaky önümçilik hatarlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen düşündirýär. Şeýle hem kompaniýa, islegi ýokarlandyrmak maksady bilen, elektromobilleriň ortaça bahalarynyň peseldilendigini hem belläp geçdi.

«Awtoulag we energetika bazarlaryndaky näbellilik artmagyny dowam edýär, sebäbi çalt üýtgeýän söwda syýasaty Tesla-nyň we hyzmatdaşlarymyzyň global üpjünçilik zynjyryna hem-de çykdajy gurluşyna ýaramaz täsir edýär» — diýip, kompaniýa ýazýar.

«CNBC-niň» berýän maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň başyndan bäri, Tesla-nyň paýnamalarynyň bahasy 41% aşaklady, bu bolsa 2022-nji ýyldan bäri iň ýaramaz çärýeklik pese gaçyş boldy.
«The Guardian» gazetine görä, maliýe kynçylyklary sebäpli, kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask maý aýyndan başlap, ABŞ-nyň Hökümet netijeliliginiň departamentini (DOGE) dolandyrmak üçin sarp edýän wagtyny azaltjakdygyny aýtdy. Amerikaly işewür hökümetiň maliýe ulgamyny kadalaşdyrmak boýunça etmeli işleriniň, umuman, ýerine ýetirilendigini aýtdy.
Mundan ozal, ABŞ-nyň sekiz ştatynyň gazna ýolbaşçylary Tesla-nyň ýolbaşçylaryny kompaniýanyň içerki meselelerine ýeterlik üns bermeýändikleri sebäpli tankytlapdylar.


17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......