Xiaomi 24 dollardan Redmi Watch Move akylly sagadyny tanyşdyrdy

  • 25.04.2025 14:41
  • 2.3k+

Xiaomi kompaniýasy täze arzan bahaly Redmi Watch Move akylly sagadyny tanyşdyrdy.

Enjam 1,85 dýuýmlyk AMOLED displeý bilen enjamlaşdyrylyp, onuň çözgüdi 390×450 piksel, ýagtylygy bolsa 600 nite çenli ýetýär. Ekrany Always-On Display funksiýasyny goldaýar. Sagat HyperOS operasion ulgamynda işleýär we 300 mA·sag sygymly batareýa bilen üpjün edilen. Enjam bir gezeklik zarýad bilen 14 güne çenli işleýär.
Enjamyň agyrlygy remensiz 25 gram. Dolandyryş üçin sanly tigirjik ulanylýar. Sagat ýürek urgusyny, uky ýagdaýyny, gandaky kislorodyň derejesini, stres derejesini we aýallaryň saglyk ýagdaýyny yzygiderli yzarlap bilýär. Enjamda 140-dan gowrak sport tertibi bar, olaryň 7-si awtomatiki usulda tanalýar. Şeýle hem Bluetooth arkaly jaňlaşmak, telefon arkaly aýdym-sazy we kamerany dolandyrmak, IP68 derejesinde suwa garşy gorag we 200-den gowrak sanly sagat ýüzüni saýlamak mümkinçiligi bar.
Häzirki wagtda Redmi Watch Move diňe Hindistanda satuwa çykaryldy. Bahasy 1999 rupiýa (takmynan, 24 dollar).


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...