Er-Riýadda dünýäniň iň beýik binasynyň gurulýan täze etrabynyň taslamasy hödürlendi

  • 25.04.2025 10:41
  • 7k+

Saud Arabystany Er-Riýadyň demirgazygynda guruljak täze etrap üçin konsepsiýanyň baş meýilnamasyny hödürledi. Paýtagtyň bu etraby hakykatda doly hukukly şähere öwrüler we beýikligi iki kilometrden gowrak belent bina - dünýäniň iň beýik binasy onuň esasy obýekti bolar.

Mundan başga-da, sebitde ýaşaýyş jaýlary, täjirçilik merkezleri, syýahatçylyk desgalary, lukmançylyk we bilim edaralary, şeýle hem güýmenje toplumlary bolar.
Täze “geljegiň şäheri” üçin baş meýilnama SOM (Skidmore, Owings we Merrill) amerikan binagärlik býurosy tarapyndan taýýarlandy.
Býuro 1936-njy ýylda Çikagoda Luis Skidmor we Nataniel Ouings tarapyndan esaslandyryldy. SOM häzirki wagtda dünýäniň iň beýik binasy bolan Dubaýdaky “Burj-Halifany”, şeýle hem Çikagodaky Uillis-taueri we Nýu-Ýorkda Bütindünýä söwda merkezi 1-i taslamalaşdyrdy. Taryhynyň dowamynda bu kompaniýa dünýäniň elli ýurdunda, takmynan, 10 000 taslamany durmuşa geçirdi we 800 dürli baýrak aldy, şol sanda iki gezek “Ýylyň arhitektura firmasy” adyna eýe boldy.


10.06.2026 16:40
3k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......