Saud Arabystanynda “Baky bag” - 90 adada ýerleşjek şypahananyň mega taslamasy durmuşa geçiriler

  • 25.04.2025 10:32
  • 5.5k+

Saud Arabystany gök öwüsýänligi sebäpli "Baky bag" diýlip atlandyrylýan Laheq atly täze şypahananyň gurluşygyna başlandygyny habar berdi. Taslama Britaniýanyň Foster + Partners binagärlik studiýasy tarapyndan işlenip taýýarlandy diýip, New Atlas neşiri habar berýär.

Şypahana ýurduň günbatar kenarýakasynda Gyzyl deňziniň ýakasy boýunça uzap gidýän 90 adadan ybarat arhipelagda ýerleşer.
Toplumyň meýdany 400 gektar bolar. Onuň merkezi böleginde suwuň üstünde oturjak, diametri 800 metr bolan emeli tegelek platforma bolar. Onda kaşaň apartamentler, myhmanhanalar, söwda merkezleri, güýmenje meýdançalary, golf meýdançalary we ýahtalar üçin duralgalar ýerleşer.
Taslama Saud Arabystanyny özüne çekiji syýahatçylyk ugruna öwürmeklige gönükdirilendir. Şypahananyň gurluşygy 2028-nji ýyla çenli tamamlanar.



düýn 09:50
3.9k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
4.9k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.5k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.4k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......