Aşgabatda okuwçylaryň arasynda II halkara matematika olimpiadasy geçirilýär

  • 23.04.2025 15:51
  • 4.5k+

22-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda mekdep okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasy badalga aldy.

Ministrligiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, olimpiada Russiýanyň, Ermenistanyň, Bolgariýayň, Özbegistanyň, Nepalyň, Hytaýyň, Belarusyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Täjigistanyň, Saud Arabystanynyň, Pakistanyň, Wýetnamyň, Kataryň, şeýle hem Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden okuwçylaryň jemi 231-si, şeýle hem ady agzalan ýurtlardan gelen mugallymlaryň 52-si gatnaşýar.
Ders bäsleşigine gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen wekiliýetler üçin ýörite medeni maksatnama hem taýýarlanyldy. Şoňa görä-de, günüň ikinji ýarymynda olimpiada gatnaşyjy myhmanlar ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp ýerlerinde, aýratyn hem, «Ylham» seýilgähinde, Türkmenistanyň Döwlet sirkinde bolup, wagtlaryny gyzykly geçirdiler.
Şeýlelikde, mekdep okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasy 2025-nji ýylyň 26-njy apreline çenli öz işini dowam eder.


23.06.2026 18:58
2.8k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......