Arheologlar Kairiň golaýynda faraonyň oglunyň mazaryny tapdylar

  • 23.04.2025 14:18
  • 7k+

Arheologlar Kairiň golaýyndaky Sakkara nekropolunda Gadymy Müsüriň V nesilşalygynyň düýbüni tutan faraon Userkafyň ogly şazada Waser-if-reniň guburyny tapdylar. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet ministrligi habar berdi.

Gazuw-agtaryş işleri boýy 5 metr töweregi we ini bir metrden gowrak bolan gülgüne granitden ýasalan äpet galp gapynyň tapylmagyna sebäp boldy. Gadymyýet işleri boýunça ýokary geňeşiň baş sekretary Muhammet Ysmaýyl Haled ozal şeýle ululykdaky gapynyň tapylmandygyny aýtdy. Gadymy Müsüriň däp-dessurlarynda gapl gapy dirileriň dünýäsi bilen ahyryýetdäki ýaşaýşyň arasyndaky baglanyşygy aňladypdyr.
Alymlar mazaryň içinden faraon Joseriň, onuň aýalynyň we on gyzynyň heýkellerini tapdylar. Müsürdäki ilkinji piramidany dörediji hökmünde tanalýan Djoser III nesilşalyga degişlidir. Barlagçylar heýkelleriň ilkibaşda Djoseriň basgançakly piramidasynyň golaýynda durandygyny, ýöne soňra olaryň Waser-if-reniň mazaryna göçürilendigini çaklaýarlar. Munuň sebäbi syr bolup galýar.

Müsüriň iň gadymy nekropollaryndan biri bolan Sakkara 4600 ýyl mundan ozal gurlandyr we  hökümdarlaryň jaýlanan ýerleri hem-de Djoseriň basgançak piramidasy bilen meşhurdyr. Bu tapyndy Sakkaranyň ähmiýetini nygtaýar we V  nesilşalyk hakda täze maglumatlary açyp biler.
Alymlar mundan buýana geçiriljek barlaglar III nesilşalygyň heýkelleriniň V nesilşalygyň şazadasynyň mazaryna nädip düşendigine düşünmäge kömek eder we nekropolyň beýleki syrlaryny açar diýip umyt edýärler.


düýn 20:06
1.5k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.5k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

28.05.2026 18:03
7k+

Adamzadyň taryhynda iň uly kürekli gämi Gadymy Müsürde gurlupdyr

Biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda Gadymy Müsürde Tessarakontera gämisi guruldy, ol şu güne çenli taryhdaky “gara güýç” bilen işledilýän iň uly gämi hasaplanýar....