ABŞ-ly alymlar täze reňk tapdylar. Ol gözüň torly perdesine lazer täsir edende ýüze çykdy

  • 23.04.2025 13:36
  • 5.3k+

Amerikaly barlagçylar topary täze reňkiň tapylandygyny habar berdiler. Pöwrizäniň bu öwüşginini diňe gözüň torly perdesine lazeriň täsir etmegi arkaly görüp bildiler diýip, Science Advances žurnalynda çap edilen barlaga salgylanýan The Guardian ýazýar.

Kaliforniýa uniwersitetiniň elektrik inženeri Ren Engeniň we görüş duýgusy ugrundan alym Ostin Rurdanyň sözlerine görä, synaga gatnaşyjylar hiç bir reňke meňzemeýän bir reňk gördüler, ýöne täsir nukdaýnazaryndan ony pöwrüze öwüşgini bilen deňeşdirdiler.
Täze reňk olo diýlip atlandyryldy. Ony diňe gözüň torly perdesiniň belli-belli ýerlerine lazer tutup görmek bolýar. Häzirlikçe ony synaga gatnaşyjylaryň diňe bäşisi gördi.
Barlagçylar häzirlikçe olo reňkini pöwrize kwadrat hökmünde görkezdiler.
Gözüň torly perdesinde reňkleriň kabul edilişine jogap berýän kolbojyklar diýilýän ýörite öýjükler bar. Kolbojyklar üç hili bolýar: S (ýagtylygyň gysga tolkunlaryna, ýagny gök reňke duýgur), M (orta tolkunlara, ýagny ýaşyl reňke duýgur) we L (uzyn tolkunlara, ýagny gyzyl reňke duýgur).

Ýagtylyk perdä düşende, adatça, ol kolbajyklaryň birleşmesini işjeňleşdirýär. Mysal üçin, gyzyl yşyk ilki bilen L-kolbajyklary, gök yşyk bolsa S-kolbajyklary stimulirleýär. Şeýle-de bolsa, tebigy ýagtylyk beýleki görnüşlere täsir etmezden, diňe M kolbajyklary işjeňleşdirip bilmez.
Alymlar näme etdiler?
Olar bu çäklendirmäni çözmek kararyna geldiler. Barlagçylar ilki bilen M-kolbajyklaryň ýerleşýän ýerini takyk anyklamak üçin adamyň gözüniň torly perdesini öwrendiler. Soňra S we L kolbajyklara galtaşmazdan, kiçijik ýagtylyk impulsyny diňe M kolbajyklara ugrukdyrmak üçin lazer ulandylar. Tebigy ýagtylyk birbada kolbajyklaryň birnäçe görnüşini işjeňleşdirýär, ýöne lazer diňe M kolbajyklary stimulirlemäge mümkinçilik berdi. Bu adaty duýgurlygyň çäginden çykýan reňk duýgusyny döretdi, çünki tebigatda munuň ýaly ýagdaý ýüze çykmaýar.

Olo ady 010 ikilik kody bilen baglanyşykly. Bu kolbojyklaryň üç görnüşinden (L, M, S) diňe M kolbojygynyň işjeň bolandygyny görkezýär (L = 0, M = 1, S = 0).
Şeýle-de bolsa, amerikan kärdeşleriniň täze açyş edendigi bilen hemme alym ylalaşmaýar.

"Bu, adaty gyzyl-ýaşyl hromatiki mehanizmli subýekt tarapyndan öndürilip bilinjek doýgun ýaşyl, bu ýeke-täk giriş yşaraty M kolbojyklara täsir edende emele gelýär" - diýip, London uniwersitetiniň alymy Jon Barbur tassyklaýar.


düýn 08:10
4.6k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......